S. Türkmenbaşy etrabyna mäş ekmek üçin 700 gektar ýer bölünip berildi

Ýurdumyzyň Daşoguz welaýatyndan däp bolşy ýaly bu ýyl hem mäşdir, noýbadan ýene bol hasyl almak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda welaýatda güýzlük bugdaýdan soň bu ekinler ekildi. Mäşi iň köp öndürýän hojalyklaryň biri bu ekin üçin 700 gektar bölünip berlen S. Türkmenbaşy etrabydyr. Etrabyň ýene otuz gektar ýerine bolsa noýba ekildi.

Gurbansoltan eje adyndaky etrapda mäş iki ýüz gektar meýdanda ösdürilip ýetişdiriler. Umuman alanyňda, suwy az sarp edip, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrýan mäş Daşoguz welaýatynda 3700 gektarda, ak noýba bolsa 250 gektarda ösdürilip ýetişdiriler. Daýhanlar geçen ýylky üstünliklerini gaýtalamak bilen, meýilleşdirileninden has köp hasyl ýygnamagy maksat edinýärler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok