Diýarymyzyň Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäginde meýilleşdirilen şygryýet agşamy 24-nji iýunda, serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň Halaç etrabynyň Lamma geňeşliginde ýerleşýän ýadygärliginiň öňünde bolar.
Şygryýet agşamynyň ýylyň-ýylyna Medeniýet hepdeliginiň çäginde geçirilmeginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň adaty bir asylly däbine öwrülmegi häzirki zaman türkmen şygryýetiniň ösüşinde henize çenli görlüp-eşdilmedik uly bir öwrülişigi amala aşyrdy. Bu öwrülişik bolsa, ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady ösüşleriniň şahyrlarymyzyň şahyrana dünýägaraýşyna eden oňyn täsiri esasynda gazanyldy. Netijede bolsa, şu günüň türkmen şygryýetinde «Ykdysady lirika» we «Aklyk pelsepesi» diýen temalaryň peýda bolandygyny milli metbugata çykan birnäçe ylmy makalalar hem aýan edýär.
Häzirki zaman türkmen şygryýetinde «Ykdysady lirika» atly temanyň dörändigi barada milli metbugata çykan makalalara şu aşakdakylar degişli:
1. «Şahyryň ünsi ykdysady özgertmeleriň jümmüşinde» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2011-nji ýylyň 6-njy dekabryndaky sanynyň 2-nji sahypasy;
2. «Berkarar döwletimiziň şygryýeti» atly makala. «Türkmen dili» gazetiniň 2012-nji ýylyň 31-nji oktýabryndaky sanynyň 4-nji sahypasy;
3. «Ykdysadyýet we şygyr» atly makala. «Garagum» žurnalynyň2013-nji ýylyň iýun aýyndaky 6-njy sanynyň 39 – 42-nji sahypalary.
4. «Arkadagly zamana – belent ylham ynsana» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2015-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky sanynyň 6-njy sahypasy;
5. «Häzirki zaman türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi» atly makala, «Garagum» žurnalynyň 2016-njy ýylyň noýabr aýyndaky 11-nji sanynyň 125 – 128-nji sahyplary;
6. «Türkmen ýoly – ylham gory» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-nji ýylyň 16-njy dekabryndaky sanynyň 3-nji sahypasy.
Häzirki zaman türkmen şygryýetinde «Aklyk pelsepesi» atly temanyň dörändigi barada milli metbugata çykan makalalara şu aşakdakylar degişli:
1. «Ak reňk dürli döwletleriň dünýägaraýşynda» atly makala. «Biznes Reklama» gazetiniň 2012-nji ýylyň 3-nji noýabryndaky sanynyň 2-nji sahypasy;
2. «Arkadagymyzyň «Ak ýol» pelsepesi» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2013-nji ýylyň 20-nji awgustyndaky sanynyň 2-nji sahypay;
3. «Ykbalyny söze baglan» atly makala. «Zenan kalby» žurnalynyň awgust aýyndaky sanynyň 9-njy sahypasy.
4. ««Galkynyşdan» galkynan şygryýet» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2014-njy ýylyň 18-nji ferwalyndaky sanynyň 2-nji sahypasy;
5. «Ak zat alnyňa ýagşy» atly makala. Garagum» žurnalynyň 2014-nji ýylyň iýun aýyndaky 6-njy sanynyň 119 – 122-nji sahypalary;
6. «Şygryýetimiziň aklyk pelsepesi» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-nji ýylyň 1-nji iýunyndaky sanynyň 2-nji sahypasy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şygryýetinde dörän «Ykdysady lirika» we «Aklyk pelsepesi» atly temalardaky goşgularda «Taryhylygyň» has giň gerim bilen beýan edilýändigini türkmen metbugatyna çykan ýokarky makalalardan hem anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar.
Teswirler