Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilmegi mynasybetli guralan Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisinde görkezilen döwrebap diwarlyklardan görnüşi ýaly, «Ýaşyl ada» hojalyk jemgyýetiniň «Ýoda» ykjam goşundysy hödürleýän giň mümkinçilikleri bilen ildeşlerimiziň söýgüsini gazanýar. «Ýoda» goşulan işewürlik akkauntlarynyň sanynyň müňden geçýändigini, ulanyjylaryň sanynyň bolsa 2 500 töweregidigini bellemek gerek. Munuň özi döredilenine uzak wagt geçmedik hem bolsa, bu ykjam goşundynyň uly meşhurlyk gazanýandygyna şaýatlyk edýär. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.
«Ýoda» ykjam goşundysy ýurdumyzdaky söwda we dynç alyş merkezleri, restorandyr kafeler, marketler, sport, gözellik merkezleri, medeni ojaklar, hojalyk hyzmatlary hakyndaky maglumatlary, şol sanda olaryň ýerleşýän ýeriniň GPS ulgamy arkaly salgysyny, ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän täzelikleri özünde jemleýär. Onuň kömegi bilen gündelik durmuşda gerek bolan zatlaryň ählisini, eliň aýasynda ýaly, gözläp tapmak mümkin. Sözümiziň başynda-da bellenişi ýaly, häzirki wagtda «Ýodada» müňden gowrak edara-kärhana hakynda maglumat ýerleşdirilip, olaryň salgylary, habarlaşmak üçin telefon belgileri, hödürleýän hyzmatlarydyr harytlary hakynda we başga-da birnäçe maglumatlar elýeterli edildi.
Bu ykjam goşundyny ýurdumyzyň paýtagtynda, ähli sebitlerinde ulanmak mümkin. Sebäbi ondan welaýatlardaky edara-kärhanalar, harytlary öndürijilerdir hyzmatlary hödürleýänler hakynda-da maglumat almak mümkin. Mundan başga-da, ol Aşgabadyň, 5 welaýatyň takyk howa ýagdaýyny habar berýär.
«Ýoda» ykjam goşundysynyň kartasyna girizilen binalaryň, desgalaryň, taryhy ýerleriň her biriniň ýerleşýän ýeri anyk görkezilen. «Ýodada» siziň ýerleşýän ýeriňizden bellenen nokada çenli aralyk, ýoluň ugry çalt kesgitlenýär. Ony ulanmak üçin, ilki bilen, ykjam telefonyňyzdaky geomaglumatlary açmagyňyz gerek. Netijede, bellenen nokada iň ýakyn ýol bilen barmak mümkin.
Bildirişler, täzeliklerdir habarlar bilen tanyşmak üçin «Habarlar», «Bildirişler» bölümlerine girmeli. Olar arkaly ýurdumyzda bolup geçýän çärelerden, söwda we hyzmat merkezlerindäki arzanladyşlardan habarly bolarsyňyz. Bu bölümler hyzmatlaryny, önümlerini hödürleýän işewürler üçin has-da amatlydyr.
«Türkmenistanda öndürilen» bölüminde ýurdumyzyň önümçilik kärhanalarynyň önümleri, olaryň görnüşleri bilen tanşyp bolýar. Şeýle-de olar bilen habarlaşmak üçin telefon belgileri, kartada ýerleşýän ýeri görkezilipdir.
Umuman, «Ýaşyl ada» hojalyk jemgyýetiniň «Ýoda» ykjam goşundysy ildeşlerimizde we ýurdumyza gelýän myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär. Ol ulanyjylaryň ýokary bahasyna mynasyp bolýar hem-de olaryň islegleridir teklipleri nazara alnyp, barha kämilleşdirilýär.
Kaka Kakaýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener-mehanika fakultetiniň talyby.
Teswirler