2021-nji ýylda ýurdumyzyň baş şäheri bolan Aşgabadyň esaslandyrylmagyna 140 ýyl dolýar. bu ajaýyp baýramçylygy mynasybetli garşylamak maksady bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde baýramçylyk çäreleri, ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Ynha şu günler hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly sergi geçirilýär. Bu sergide ýurdumyzyň senagat pudaklary, hususy telekeçileri bilen bir hatarda Türkmenistanda öz işini alyp barýan daşary ýurt kompaniýalary hem gatnaşdylar. Bizem olaryň birnäçesi bilen söhbetdeş bolduk. Biziň ilkinji söhbetdeşlerimiziň biri hem “Muhammet Balkan” hojalyk jemgyýetiniň marketing boýunça müdiri Baýramgeldi Begenjow. Ol söhbetdeşligiň dowamynda bize şeýleräk gürrüň berdi:
“Muhammet Balkan” hojalyk jemgyýeti 2009-njy ýylda esaslandyryldy. Önümçilige gurluşyk-binagärlik pudagyndan başlan bu hususy kärhana häzirki wagtda 4 ugur boýunça iş alyp barýar. Olar köwüş önümçiligi, haly önümçiligi, restoran-biznes we gurluşyk işleri. Olaryň hersi barada aýratyn durup geçenimizde Gurluşyk pudagynda biziň hususy kärhanamyz köpsanly işleri alyp barýar. Olardan iň esasylary hökmünde belläp geçsek, häzirki wagtda 4 welaýatymyzda awtomenzilleriň gurluşygynda “Muhammet Balkan” hojalyk jemgyýetimiz zähmet çekýär. Köwüş önümçiligi barada durup geçsek, biziň öndürýän köwüşlerimiz arassa deriden taýýarlanylýar. Deri önümlerinden köwüş öndürýän kärhanamyz Arçmanda ýerleşýär. Häzirki wagtda aýallar, erkekler we çagalar üçin ýazky kolleksiýa öndürilýär. Haly önümçiligi boýunça sehimiz Büzmeýinde ýerleşýär. Haly fabrigimizde 100-den gowrak işgär zähmet çekýär. “Muhammet Balkan” hojalyk jemgyýetine degişli bolan “Aksuw deride” we “Nowruz halyda” haly önümçiligi amala aşyrylýar. Restoran-biznes ugry boýunça bolsa, paýtagtymyzyň iň gelim-gidimli ýeri bolan “Berkarar” söwda dynç alyş merkezinde “MB” restorany hereket edýär.
Biziň öndürýän önümlerimiz ýokary hilliligi bilen tapawutlanyp diňe bir içki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarda hem uly islege eýe bolýar. Biz muny eksport nukdaýnazarynda düşündirip bileris. “Muhammet Balkan” hojalyk jemgyýetiniň öndürýän halylary häzirki wagtda Gazagystan Respublikasyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna eksport edilýär. Köwüş önümçiligimiziň bolsa ýakyn günlerde Russiýa Federasiýasyna eksport edilmegine garaşylýar.
Şeýle hem müşderilerimize esasy ýatlatmak isleýän habarymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli “Muhammet Balkan” hojalyk jemgyýeti alyjylaryň arasynda erkek, zenan we çaga köwüşleriniň dizaýnyny döretmek boýunça konkurs yglan etmegi meýilleşdirýäris. Konkursyň çäginde ähli isleg bildirýänler köwüşleriň dizaýny, amatlylygy, bezegi boýunça «MB Shoes» köwüş kompaniýasyna öz tekliplerini hödürläp bilerler. Bu boýunça alyjylarymyz pikirlerini muhammet-balkan@mail.ru elektron poçtasyna ýa-da Instagram akkaundyna ugradyp bilerler. Konkursda ýeňiji bolanlara «MB Shoes» HJ tarapyndan öz dizaýny boýunça taýýarlan köwşüne mynasyp bolar. Siziň ähliňizi bu konkursa gatnaşmaga çagyrýarys.
Hawa “Muhammet Balkan” hususy kärhanasy esaslandyrylan senesine 12 ýyla golaý wagtyň bolandygyna garamazdan ýurdumyzda özüni tanatmagy başardy. Sebäbi hojalyk jemgyýetiniň öndürýän önümleri halkymyzyň esasy isleg bildirýän harytlary hasaplanylýar. “Muhammet Balkan” hojalyk jemgyýeti hem hormatly Prezidentimiziň hususy telekeçilere döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, öz önümçiligini barha giňeldýär. Biz hem bu hususy kärhananyň zähmetsöýer işgärlerine zähmet üstünliklerini arzuw edýäris!
Söhbetdeş bolan:
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler