AŞGABAT ASUDALYGYŇ WE PARAHATÇYLYGYŇ ŞÄHERI

Özüniň gözel görki, ak mermerli binalary, owadan seýilgähleri, giň we ýagty şaýollary, al-elwan gülleri bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan mynasyp orun tapan ak şäherimiz Aşgabat Aziýanyň dürdänesine öwrülip, görenleri haýrana goýýar. Bu gün Aşgabadyň barha özgerýän nurana keşbi toý lybasyna beslenip, özüniň 140 ýyllyk toýuna, şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna batly gadamlar bilen barýar.
Taryhy maglumatlara görä Aşgabat bu geçen döwürde dolandyryş we söwda merkezi bolup, Işkabad, Ashabad, Aşykabat, Poltarask ýaly dürli görnüşlerde atlandyrylypdyr we onuň taslamasy Ýewropa kysymly şekillendirilip, giň we göni köçeleri, dürli görnüşli okuw jaýlary, birnäçe jemgyýetçilik desgalary, ýaşaýyş jaýlary, senagat kärhanalary, söwda nokatlary, owadan demir ýol menzili bolupdyr.
Eýýäm ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolan döwründen başlap, paýtagtymyz Aşgabat gysga wagtyň içinde sebitde halkara gepleşikleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu ýerde ilkinji ýokary derejeli halkara duşuşygy eýýäm 1991-nji ýylda, GDA-nyň döredilmegine esaslanyp, Orta Aziýa döwletleriniň prezidentleri bilen geçirildi. Soňra YHG, ÝHHG, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şeýle-de beýleki halkara guramalar bilen birnäçe duşuşyklar we maslahatlar geçirildi. Ol duşuşyklarda diňebir goňşy ýa-da sebit meselelerine garalman, eýsem  halkara, dünýä derejesinde alnyp barylýan işler bilen hem baglanyşykly boldy. 
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Aşgabatda 2007-nji ýylda  Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, 2008-nji ýylda “Ýewropa öýüniň” açylmagyny gazandy. Bu waka türkmen halkynyň täze taryhy eýýamynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Şeýle sebit merkeziniň Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda döredilmegi ýönekeý bir çözgüt däl. Sebäbi türkmen halkynyň müňlerçe ýyllar bäri özüne mahsus häsiýetleri bolan belent adamkärçilik sypatlary, myhmansöýerlik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik tüýs türkmen milletine mahsusdyr. Bu garaýyşlar nusgawy edebiýatymyzda hem özboluşly beýanyny tapýar. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy: “Mert çykar myhmana güler ýüz bilen” diýip, myhmansöýerligi, mertlik düşünjesi bilen deň derejede goýýar. Hormatly Prezidentimiz bolsa “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly eserinde N. Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestinde dost-doganlyk, parahatçylyk garaýyşlaryň öňe sürülýändigini nygtaýar. Şeýle-de “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda hem türkmen halkynyň geçmişde ýakynu-alysdaky döwletler bilen hoşniýetli söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklary saklap gelendigini, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunde ýerleşen türkmen topragynyň Gündogar bilen Günbatar ýurtlarynyň arasynda dost-doganlyk köprüsi bolandygyny anyk mysallar esasynda nygtaýar.
Agzybirlik, birek-birege bolan berk ynam il-gün, ýurt, sebit we tutuş dünýä derejesinde jebisligi, abadançylygy, parahatçylygy kemala getirmäge badalga berýär. Şonuň üçin hem birek-birege düşünişmek, ynanyşmak we ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna tagallalary birleşdirmek şu günki günüň möhüm meseleleriniň biridir. Muňa esalanyp ýurdumyzda, paýtagtymyz Aşgabatda halkara derejesinde başga-da dürli görnüşli sport çäreleri, bäsleşikleri, ylmy-amaly maslahatlary geçirilip, dünýä ähmiýetli, umumadamzat bähbitli işleriň gerimleri barha giňeýär. Munuň şeýledigine edil geçen hepdäniň dowamynda geçirilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahaty we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy, paýtagtymyz Aşgabat diňe bir milli bähbitlerimize hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem bütin dünýä parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkarar etmäge hem gönükdirilendir. Bu ugurda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun! Goý, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ählumumy abadançylyga, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryň kämilleşmegine ýardam etsin!

Bahargül BEGMYRADOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok