Döwlet Baştutanymyzyň importuň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümçilik baradaky tabşyryklaryna Balkan welaýatynyň ekerançylary öz sallamly goşandyny goşýarlar. “Türkmenistan” gazetiniň ýazmagyna görä, Balkan welaýatynda 600 gektar ýerde ýeralma, 500 gektar ýerde bolsa sogan ekmek işleri alnyp baryldy.
Daýhanlaryň öňündäki goýan maksatlaryna görä, şol ekilen ýerlerden 8 müň 400 tonna ýeralma, 12 müň 500 tonna sogan almagy meýilleşdirýärler. Şu günler daýhan birleşikleriniň kärendeçileri irki gögeriş alnan meýdanlarda ideg işlerini guramaçylykly geçirýärler.
Mundan başga-da Balkan welaýatynda şu ýylyň dowamynda jemi 2 müň 370 gektar meýdanda pomidor, käşir, kelem, hyýar, gawundyr garpyz ýaly gök we bakja ekinlerini ekmek göz öňünde tutulýar. Ekişi üstünlikli tamamlap bol hasyl almak üçin Serdar etrabynyň «Goç», Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşikleriniň daýhanlary yhlasly zähmet çekýärler.
SARYÝEWA Körpegül
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň ýer
ulanyş hünäriniň 1-nji ýyl talyby
Teswirler