Apple “iOS 14.5.1” täzelenmesini çykardy

“Apple”-iň geçen hepde çykaran “iOS 14.5”-de ýüze çykarylan käbir kemçilikleri düzedýän “iOS 14.5.1” täzelenmesini çykardy. Möhüm howpsuzlyk hyzmatlaryny hödürleýän täzelenme, mümkin boldugyça gysga wagtda ýüklemeli.

ABŞ-da ýerleşýän tehnologiýa ägirdi “Apple”, onlarça täzelik bilen täze operasiýa ulgamy “iOS 14.5” -ni çykardy. “Apple” indi bu operasiýa ulgamyndaky problemalary çözmäge gönükdirilen ýene bir täzelenmäni çykardy.

“Apple” -iň beren beýanatlaryna görä, göýberilen käbir näsazlyklar ulanyjylara oňaýsyz täsir etdi. Mundan başga-da, bu wersiýa ulanyjylara güýçli howpsuzlyk mümkinçilikleri hem ýetirilýär.

Atajan GURBANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok