«Adamda mähirli duýgulary duýmak» diýen bir aýratynlyk bar. Şol duýgy hem ajaýyplyklara bagyşlanan ýadygärlikleri dikeltmäge isleg döredýär. Ýer yüzünde müňlerçe ýadygärlik bar. Ýadygärlik — gymmatlygyň bakylaşdyrylmagy. Akylyňy haýrana galdyryjy ýadygärlikleriň içinde kitaplara bagyşlananlarynyňam bardygyny aytmak gerek. Sizi şolaryň birnäçesi bilen tanyş etmek isleyäris.
2006-njy ýylda Germaniýanyň paýtagty Berlinde ýerleşýän Gumbolt uniwersitetiniň öňünde ilkinji häzirki zaman kitap çap ediji maşyny oýlap tapan Logan Gutenberge bagyşlanan kitap ýadygärligi açyldy. Boýy 20 metre, agramy 35 tonna barabar bolan bu ajaýyp ýadygärligiň ýüzüne nemes ýazyjylarynyň 17-siniň ady hormat bilen ýazylypdyr. Şolaryň arasynda Genrih Geýne, Karl Marks, German Gesse we Gýote ýaly dünyä belli ýazyjylaryň adyna-da orun berlipdir.
Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň döwlet uniwersitetiniň dil we edebiýat fakulteniniň howlusynda yurduň suratkeşler birleşmesiniň agzasy Arsen Awetisýanyň döreden “Kiçijik şazada barada» atly heýkeli hem kitaba bagyşlanýar. Ýadygärlik açyk kitap görnüşindedir.
Heýkeltaraş Iwan Fýodorow hem Ukrainanyň Lwow şäherinde «Apostol» atly kitabyň edil özüne meňzeş heýkelini ýasapdyr. Mundan başga-da 2007-nji yylyň iýul aýynda Ysraýylyň Haýfa şäheriniň Tehniona institutynyň howlusynda açylan üytgeşik monument hem kitaba bagyşlanan ajaýyp ýadygärlikdir. Polşanyň Lesko şäherinde-de kitap ýadygärligi bar. Ony heykeltaraş Andžeý Pitynskiý kümüşden bina edipdir. 1994-nji ýyldan bäri «Kitaba bagyşlanan» atly ýadygärlik Ispaniýanyň Barselona şäherini hem bezäp otyr.
Hytaýyň Pekin şäherinde-de kitaba bagşalanyp ýadygärlik gurlupdyr. Şäherde belli kitap dükany bolan «Sinhuanyň» öňünde bu ajaýyp ýadygärlik ýerleşendir. Kitap ýadygärlikleri köp ýurtlaryň şäherlerine görk berýär. Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşen «Ruhnama» kitap ýadygärligini hem bellemek gerek. «Ylham» seýilgähi bolsa döreden many-mazmuna baý, millilige ýugrulan kitaplary bilen türkmen edebiýatyna goşant goşan belli ýazyjydyr şahyrlarymyzyň heýkelleri bilen gurşalandyr. BAE-niň Şarja şäherinde, Kanadanyň Wankuwer şäherinde we ABŞ-nyň Kanzas-Siti, Grinsboro hem-de Neşwill şäherlerinde-de şeýle ýadygärlikleri synlamaga mümkinçilik bar. Umuman gymmatlyk hökmünde ýadygärlik bina edilip, kitabyň bakylaşdyrylmagy ýöne ýere däl. Her ynsan özi üçin bilim çeşmesi bolup durýan gymmatlyga hormat goýýar.
Nuryýewa Jahan
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy
Teswirler