ÖSÜŞ ÝOLLARYNYŇ ÇATRYGYNDA

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda başlanan özgertmeler gowulyklarymyzyň çägini giňeltdi, oba hojalygyny bütinleý täze ösüşleriň ýoluna düşürdi. Ine, şu ýylyň 25-nji martynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga bermegi bolsa, şu ýylymyzda amala aşyryljak oba hojalyk özgertmeleriniň binýadyny goýdy, ýerlerde zähmet adamlarynyň täze şertlerde ýokary hilli we öndürijilikli işlemeklerine, ukyp-başarnyklarynyň baýlaşmagyna itergi berdi.

Häzirki wagtda welaýatlarymyzda ýyladyşhana hojalyklarynyň uly toplumy hereket edýär. Olar şäherleriň we obalaryň ilatyny ýylyň dowamynda ter gök önümleri bilen üpjün edýär. Ýyladyşhanalarda pomidor, hyýar, burç, badam, kömelek, gök ot we beýlekiler ösdürilip ýetişdirilýär. Gaplanan gök önümleriň, şireli suwlaryň, içgileriň, aş, çörek we süýji-köke önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Şeýle-de, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän täze kärhanalary gurmak hem-de olary möwsümleýin saklamak üçin şertleri döretmek boýunça wezipeleri çözmäge gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek baradaky edýän aladalarynyň netijesinde pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Täze tehnikalaryň dürli görnüşleri yzygiderli getirilýär. ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Italiýanyň meşhur kompaniýalarynyň tehnikalary gowaça, bugdaý, şaly ýaly oba hojalyk ekinleriniň hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almakda uly güýç bolup durýar. Bu sanawa geçen ýakyn ýyllarda Özbegistan Respublikasynda öndürilýän «MX — 1,8» kysymly pagta ýygyjy kombaýnlary hem goşuldy.

Ýadyňyzda bolsa, 2019-njy ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen «John Deere Walldorf GmbH & Co» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda oba hojalyk tehnikalaryny üç tapgyrda telematik ulgama geçirmegiň Konsepsiýasyna gol çekildi. Türkmenistan bilen «John Deere»-iň hyzmatdaşlygy indi ýyllara daýanýar. 20-25 ýylyň dowamynda bu hyzmatdaşlygyň netijesinde ýurdumyzyň sebitlerine kompaniýanyň kuwwatly tehnikalarynyň ýüzlerçesi getirildi. Olar ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda dürli işlerde peýdalanylýar. Tejribeli, öz işine ussat mehanizatorlar bu «polat atlara» ezberlik bilen erk edýärler.

Ýene bir zady bellemek zerur, ýurdumyzyň oba hojalygynyň ekerançylyk pudagynda mehanizmleşdirilen işlerde sanly ulgamy synag etmek işleri ajaýyp netijeleri berdi. Sanly telematik ulgamy ornaşdyrylan «John Deere-6195M» kysymly traktorlary ekerançylykda synagdan geçirildi. Olar ýurdumyzyň toprak, howa şertlerine doly laýyk gelýär. Şundan ugur alnyp, Germaniýadan telematik ulgamy ornaşdyrylan «John Deere 6175M» kysymly traktorlaryň ýüzlerçesi satyn alyndy. Bu bolsa mehanizatoryň işini has ýeňilleşdirdi, onuň wagtyny tygşytlady. Telematik ulgam ýer eýeleri üçinem köp ýeňillikleri döretdi. Şeýle kuwwatly tehnikalar hereketde wagty ýurdumyzyň oba hojalygy diňe öňe gider.

Pirmuhammet MERIŞEW,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok