Armyt barada

Armyt agaçda ösýän iýilýän miwe görnüşidir. Häzirki wagtda armyt dünýäniň birnäçe ýerinde ösdürilip ýetişdirilýän iň möhüm miweli agaçlaryň biridir. Armyt agajy alma agajyna çalym edip, ondan has uzyn we has dikdir we ulalan ýagdaýynda ýokarlygna 13-15 metr beýiklige çenli uzaýar.

Armyt agajynyň ömri gaty uzyn bolup 50-75 ýyla çenli ýaşaýar. Bu agaç ekileninden 4-7 ýyl soňra miwe bermäge başlaýar we 8-10 ýaşynda 25-50 kg golaý miwe miwe berýär.

Häzirki wagtda armydyň 30 golaý görnüşi bardyr. Hytaý, Italiýa, ABŞ, Ispaniýa, Argentina ýaly döwletler armydy iň köp ösdürip ýetişdirýän döwletlerdir.

Armydyň adam saglygyna hem oňat peýdasy bardyr. Ol organizmde iýmitiň siňmegini tizlendirýär, antioksidan häsiýetli, immuniteti güýçlendirýär, ýüregi kuwwatlandyrýar. Armyt A, B, C, K, B2, B3, B6 witaminlerine baýdyr.

Myrat ASTANOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok