- Nowruz gijesi asman bulutly ýa-da dumanly bolsa, ýyl ygally geler.
- Nowruz güni irden ýere gyraw düşse, toprak hasylly bolar.
- Nowruzda baglaryň çybyklarynda damjalar görnüp dursa, agaçlar hasylly bolar.
- Nowruzda suwuň ýüzi gyrpaklap dursa, tomus salkyn bolar.
- Nowruzda Aý demirgazykdan dogsa, ýaz sowuk, tomus salkyn bolar, günortadan dogsa, ýaz gurak, tomus jöwzaly bolar.
- Nowruzda gar, ýagyş ýagsa, ýyl örän ygally bolar.
- Nowruzda örän yssy bolsa, ýylyň gurak geläýmegi ahmal.
- Nowruzda gargalar gagyldaşyp ýörse, yzyndaky aýda salkyn boljakdygynyň alamaty.
- Semeni taýýarlanylýan wagty gögeren bugdaýyň gökje maýsasynyň ýüzüni gyrkyp alyp, ony saçbaga dakar ekenler sebäbi ol bagt getirýärmiş.
- Nowruzda semeni bişiren adam ony ýedi öýe dadyrmaly. Şonda rysgalyň ýetmiş esse bolup gaýdyp geler.
- Nowruzda täze zat geýseň, şol geýim bagt getirermiş.
- Nowruzda howa dymyk bolsa, ýaz gurak, tomus örän yssy bolar.
- Nowruzda şemal demirgazykdan öwüsse, ýaz ýagyşly, tomus yssy bolar.
- Nowruzda şemal günortadan öwüsse, tomus yssy, epgek bolar.
- Nowruzda howa bulutly bolsa, iýun aýyna çenli bulutly bolar.
- Nowruzda howa sowuk bolsa, däneli ekinler hasylly bolar.
- Nowruzda ak ýürekden edilen arzuw hasyl bolarmyş.
Toplan: ATDAÝEWA MAHYM
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy
Teswirler