DÜNÝÄNIŇ IŇ DUZLY ÝERLERI

Köp adamlar ýalňyşlyk bilen deňizleri we ummanlary duz üpjün edijisi hasaplaýarlar. Şeýle-de bolsa, ähli suwlaryň 96% -i Bütindünýä ummanyndadyr. Onda müňlerçe milliard tonna erän duz bar we duzlulygy yzygiderli üýtgeýär. Polýuslarda gar we buz suwuň düzümini ep-esli derejede suwuklandyrýar. Ýer ýüzünde duz konsentrasiýasy has ýokary bolan ýerler kändir.

Sisiliýa duz ýoly – diýlip atlandyrylýan deňiz gory Sisiliýanyň günbatar kenary boýunça onlarça kilometre uzap gidýär. Bu ýerde duz gazmak henizem iki müň ýyl bäri üýtgemedik adaty usullar bilen amala aşyrylýar. Işçiler deňiz suwy bilen doldurylan kiçijik baklarda gazýarlar. Buglap, üstünde diňe duz galdyrýar.

Öli deňiz – ady bilen tanalýan bu ýeriň kenarýaka gaýalary kristallaşdyrylan natriý hlorid bilen parlaýar: bu ýerde gün suwy bugartýar, kenarlary çylşyrymly fraktal nagyş bilen bezelýär. Mundan başga-da bu ýer dünýäniň iň çuň giper minerallaşan köli (330 metr) hasaplanýar.

Don Huan howzy – Antarktida ýerleşip howzuň suwunyň 44%-i duzly. Suw howdanynyň çuňlugy bary-ýogy 10 santimetr bolup, alymlar henizem gipersalinligiň sebäplerine düşünip bilmeýärler.

            Salar de Uýuni – Dünýädäki iň uly duz ätiýaçlygy Boliwiýada ýerleşýär. Salar de Uýuniniň meýdany 10,500 inedördül kilometre barabardyr. Taryhdan öňki mega-kölüň galyndylary. Howuz, gözýetime çenli uzalyp gidýän altyburçly duz kristallary bilen örtülendir. Minerallara baý şor, gabygyň aşagynda ýygnalýar. Beýleki zatlaryň arasynda dünýädäki litiý üpjünçiliginiň ýarysy bar.

Eýre köli – Awstraliýanyň günortasyna ýaýradylan bu görnüşdäki kölleriň tutuş ulgamy bar. Bu köl her ýylda 11 million tonna material öndürýän dünýäde iň köp duz eksport edýän ýurtlaryň biri hasaplanýar. Önümiň 90% -i daşary ýurt bazarlaryna çykýar.                                                                  

Aşymowa OGULJEREN,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby                                 

Teswirler

Rejo Dayy

Men özümizdaki Garabogaz köliniň gurap gutaran Aral gölüniň gurap başlan Hazar(Kaspi) deňzi/köliniň duzlylyk derejesiniň nä derejedigini bilermikam öýdüpdim.