5G MOBIL ARAGATNAŞYK TEHNOLOGIÝALARYNYŇ GELJEGI

2020-nji ýylda dünýä bazaryna çykan 5G mobil aragatnaşyk tehnologiýalary mobil aragatnaşyk torlary boýunça geçirilýän maglumatlaryň göwrümleriniň örän uly depgin bilen ösýän döwründe ulanyjylara hyzmat etmekligiň hilini örän ýokarlandyrar.

5G tehnologiýalarynyň esasynda gurnalýan mobil aragatnaşyk torlary boýunça geçirilmeli maglumatlaryň tizligini 10Gbit/s-da hem-de ondan hem ýokary tizlige çykarylmagyna garaşylýar. Mobil aragatnaşyk torlarynda 5G tehnologiýalary ulanyşa girizmeklik gerek bolan sanly signal akymlarynyň tizligini almaklyk tor enjamlaryny we abonent enjamlaryny, düýpgöter täzelemekligi talap edýär. 5G mobil aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanyşa girizmekligi üçin birnäçe özgertmeler geçirilýär.

Täze aragatnaşyk tor arhitekturasy maglumatlary alyşmaklygyň intensiwligini öň ulanylýan tehnologiýalardan takmynan 1000 esse töweregi çaltlandyrmaklyga niýetlenendir. Olar ýaly uly tizligi almaklygyň usullarynyň bir görnüşi – baza beketleriniň arasyny ýakynlaşdyrmakdan ybaratdyr. Onuň üçin bolsa öýjükleri iki görnüşe, ýagny kiçi we uly görnüşli öýjüklere bölüp bir uly öýjügiň içinde birnäçe kiçi görnüşli öýjükleri ýerleşdirmeklik göz öňünde tutulýar. Netijede aragatnaşyk tory köp basgançakly gurluşa eýe bolýar.

Kaýum ANNAKULIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok