Ekologiýa abadançylygy – eşretli durmuşyň gözbaşy

          Ekologiýa abadançylygy – umumadamzat nesliniň sagdyn ýaşaýşyny, parahat durmuşyny, asuda halyny we  eşretli ykbalyny  üpjün edýän ruhy gymmatlykdyr. Bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmaýan bu ruhy gymmatlyk häzirki zaman dünýäsiniň iň wajyp meseleleriniň biridir. Çünki, ynsan saglygynyň gözbaşy ekologiýa abadançylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň bu ugurda üstünlikli amala aşyrýan milli strategiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş maksatlary hem-de dünýäniň ekologiýa ulgamyny goramak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleri bilen sazlaşykly utgaşýar. BMG-niň tebigaty goramaklyk baradaky resminamalaryna biologik köpdürlülik baradaky, çölleşmäge garşy göreşmek baradaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak hem ulanmak hakyndaky, «ÝUNESKO» -nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakyndaky resminamalary, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly Konwensiýasy, Suw-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar Konwensiýasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň onlarçasy we beýlekiler degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň bu resminamalaryny durmuşa geçirmeklik babatda dürli bütindünýä forumlarynda öňe süren hem-de halkara bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolan netijeli başlangyçlarynyň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmaklyk, BMG-niň Suw strategiýasyny hem-de BMG-niň Aral deňzi sebiti üçin ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamaklyk we Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugruna öwürmeklik, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmeklik baradaky teklipler bar. Ýurdumyzda milli Liderimiziň bu başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmeklik boýunça anyk ädimler ädildi we   ekologiýa  ulgamyny kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýady döredildi.

          Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda  ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda dürli miweli, saýaly we pürli baglaryň, ýylyň dört paslynda hem gök öwsüp oturýan arça agaçlarynyň dürli görnüşleri ekilýär. Şonuň bilen bir hatarda bolsa, ekilen baglara ideg etmeklik işleri hem uly depginler bilen alnyp barylýar. Munuň özi bolsa, milli Liderimiziň daşky gurşawy gormaklyk, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmeklik babatda alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Amangül ALLABERDIÝEWA,
D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Pedagogika we psihologiýa
kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok