Bu tanyşdyrjak guşumyň ady gajar. Bu guş laçynşekilliler otrýady, gyrgylar maşgalasyna degişli bolup, özboluşly daşky görnüşi bilen beýleki ganatlylardan tapawutlanýar.
Iri we ownuk şahly mallaryň, düýeleriň etlerini iýip bilýän sebäpli, gadymdan bu guşlardan adamlar gorkupdyrlar we olardan daşda durmaga çalyşypdyrlar. Ýöne gadymy Müsürde gajar guşy keramatly hasaplanýar. Hudaýtagalarynyň gadymy suratlary şu gusyňky kellesi bilen şekilleri bar. Hatda meşhur Tutanhamonyň döşünde gajaryň suraty çekilipdir. Müsürliler haýsydyr bir tarapdan bu guşa adalatly bolypdyrlar. Sebäbi bu maslykçylar tebigy ekologiýa ulgamda iň wajyp wezipäni ýerine ýetirip, ölen jandarlary ýok edip, epidemiýanyň, dürli keselleriň peýda bolmagynyň, onuň ýaýramagynyň öňüni almaga öz goşandyny goşýarlar. Gajar seýrek, baş sany azalýan görnüş hökmünde TGHB-iň (Tebigaty goramagyň halkara birleşigi) Gyzyl sahypasyna, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen. Türkmenistanyň daglyk ýerlerindäki goraghanalaryň we Bathyzyň guşlarynyň iň täsin wekilleriniň biridir.
Bu guşlaryň gözleri ýiti bolýar. Adamlaryňky bilen deňeşdirilende 7 esse, hatda ondan-da ýitidir. Ol şeýle bir ýokary beýiklikde uçýar welin, ýerden seredende kiçijik guş ýaly görünýär. Ölen ýabany haýwanlaryň, goýunlaryň, geçileriň, ýerde ýatan maslygyny 3 km beýiklikden görüp bilýär. Ol öljegi haýwany tapyp, gördüginden ganatlaryny kakyp, aýaklaryny öňe çozup tizlik bilen aşak gaýdýar. Daş töweregindäki guşlar onuň bu hereketini syzyşy bilen derrew oňa goşulýarlar. Bu guşlar diňe bir aşaga seredip uçman, eýsem daş-töwereginde bolýan zatlary hem üns merkezinden düşürmeýärler.
Gajarlaryň aşgazanynda özlerine mahsus bolan uýgunlaşmalar bolup, olar maslyklar bilen iýmitlenýärler. Bilşimiz ýaly maslyklarda dürli bakteriýaly we wirusly keselleri bolýar. Bu guşlar şol keselleri ýeňip, olara garşylyk görkezip bilip özleşdirýärler.
Gajarlar gowja iýmitlenýärler we şolwagtda howa göterilmäge-de kynçylyk çekýärler. Çete çykyp, iýmiti özleşdirip azajyk dem alýarlar. Ondan soň uçýarlar. Aslynda aç mahalynda-da howa göterilmek üçin ýerde birnäçe gezek böküp soň uçýar. Käwagt duýdansyz ýüze çykan howpdan goranmak üçin awynyň bir böleginden geçmeli hem bolýar.
Gajar uly ýyrtyjy guşdyr. Ulularynyň ýelek örtügi goýy-goňur, ganatlary gara reňkde bolýar. «Ýüzi» ýalaňaç, kellesi goňur sütük ýelekler bilen örtülendir, şonuň ýaly ýalaňaç boýny edil «ýüzi» ýaly, gögümtil ýa-da agymtyl reňkli bolýar. Boýnunyň çykýan ýeriniň töweregindäki ýakalyk agymtyl-goňur ýeleklerden durýar, boýnunyň sütük ýelekleri tüýdülip aýrylýar we bu guşa özboluşly görk berýär. Ganatlary uzyndan inli, uçlary, aýratyn-da gaýyp uçanda gerilip açylýar. Çüňki goýy-şahsypat reňkli, dyrnaklary bolsa gara. Sesi – özboluşly hyžlama. Uzynlygy– 100-115 sm, ganaty – 71.5-82.5 sm, agramy– 5-12.5 kg ýetýär. Onça agramyhowada uçýan guş üçin az däl. Beýle agram bilen uçmak üçin köp güýç gerek bolýar. Gojarlar ýyly howa akymyny tutmak üçin azajyk hereket edýärler soňra köp wagtlap ganatlaryny kakman uçýarlar. Olar ganatyny kakman 18 km aralygy geçip bilýärler.
Bu guşlar ýurdumyzda höwürtgeleýän, bölekleýin oturymly hasaplanylýar. Emma köpüsi sowuk wagt günorta tarap göçýär. Egerde howa şertleri mümkinçilik berse gyşlaýarlar. Güýzüne oktýabryň aýagynda we noýabrda uçup gidýär, ýazyna – fewralda uçup gelýär. Adatça agaçlaryň üstünde, dagda arça agajynda, dag gaýalarynda, Bathyzda – pissede höwürtgeleýär. Höwürtgesiniň uzynlygy 3 metr ýetip bilýär. Bir guran höwürtgesini köp ýyllaryň dowamynda ulanýar. Emma her ýyl höwürtgede bejeriş işlerini alyp barýar. Iýmit gözlegi üçin uzakdaky düzlük giňişliklere gidýär. Mart-apreliň başynda gabygy kirliräk ak reňkli 1 ýumurtga goýýar. Jüýjesi maý aýynda çykýar we iýulda uçurym bolýar, awgustda bolsa höwürtgäni taşlaýar. Esasan bu guşlar ölen garamallaryň, ýabany toýnaklylaryň, uly gemrijileriň maslyklary, käte suwulganlar bilen iýmitlenýär. Gajarlar jübütleri bilen bütin ömür ýaşaýarlar.
Bu guşlaryň sanynyň kemelmegi olaryň iýmiti bilen baglydyr. Başga bir sebäbi bolsa olaryň adamlar tarapyndan awlanmagy.
Eýsem gajarlar ekologiýamyzy dürli keselleriň dargamagyndan goramaklykda uly goşant goşýar. Tebigatymyzy we ornitofaunamyzy biziň her birimiz goramalydyrys.
.
Aziza Beşimowa,
Lebap welaýatynyñ
Döwletli etrabynyň 27-nji orta
mekdebiniň biologiýa mugallymy,
WWF taslamasynyň bilermeni.
Teswirler