Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Ak bugdaý etrabyndaky senagat zolagynda ýerleşýän «Umytly nesil» hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda çygly süpürgiçleriň ençeme görnüşini öndürip, islegli önümleri alyjylara hödürleýär. Bu barada «Rysgal» gazeti gabar berýär.
Dünýäniň iň kämil, döwrebap enjamlary ornaşdyrylan bu kärhana 2016-njy ýylda esaslandyryldy. Şoňa görä, kärhanada ýaşlaryň ençemesi zähmet çekip, işler 1 çalşykda alnyp barylýar. Türkiýe Respublikasyndan getirilýän çig maly gaýtadan işleýän hünärmenler önümleriň hilini ýokarlandyrmak ugrunda yzygiderli aladalanýarlar.
«Freshmaker», «Umman», «Selin» haryt nyşanlary bilen öndürilýän çygly süpürgiçler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Ýumşak, galyň hem berk, alkogolsyz, gigiýeniki-arassalaýjy çygly süpürgiçleriň uly gaplara 64 — 120 sanysy, kiçi gaplara 15-si ýerleşdirilip, olaryň daşky bezegleridir ýakymly yslary hem özüne çekijidir. Mundan başga-da, kärhanada öndürilýän aýna süpürgiçlere islegiň uludygyny bellemelidiris.
Şeýlelikde, bu önümler diňe içerki bazarlarymyzda alyjylara hödürlenmän, eýsem goňşy döwletlere eksport edilýär.
Salina Bahramjanowa,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler