TÜRKMENISTAN – BITARAPLYK MEKANY

Bitaraplyk — bu biziň parahatçylyga, asudalyga bolan söýgimiz. Hemişelik Bitaraplygymyzyň eşret-höziri ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň ösüşinde, halkara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagynda we berkemeginde aýdyň ýüze çykdy. Ýagny, Bitaraplyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynda hem düýpli özgermeler durmuşa geçirilýär.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde üstünlikli işler durmuşa geçirilýän ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz-tagallasy netijesinde obasenagat toplumynda birnäçe üstünlikli ädimler ädilýär. Ýurdumyzda obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamagyň maksatnamalaýyn ulgamy işlenilip taýýarlanyldy we ol üstünlikli hereket edýär. Şeýlelikde obasenagat toplumynyň we hyzmat ediş pudaklarynyň gurluşlarynyň kämilleşdirilmegi, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary, mineral dökünleri öndürýän zawodlary gurmak, ýerleriň suwaryş we meliorasiýa ýagdaýlaryny gowulandyrmak, tohumçylygy we seçgiçiligi ylmy taýdan ösdürmek, öňdebaryjy serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak üçin döwlet tarapyndan iri maýa goýumlary gönükdirilýär.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen gönüden-göni baglanyşykly obasenagat toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda bu ulgamda oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Şol sanda ýurdumyzda «Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen köp derejeli özgertmeleriň, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, şol sanda obasenagat toplumyny hem toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berilmegi dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, hususy ulgamyň ornuny pugtalandyrmaga giň mümkinçilik  döretdi.

Milli Liderimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda alyp barýan oýlanyşykly başlangyçlary netijesinde içeri we daşary syýasatynda giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýagny, Bitaraplyk syýasatymyz bu gün halkymyzy bagtyýarlyga, asudalyga besleýär, ähli halklary dost-doganlyga çagyrýar. Çünki türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ähli halklarynyň dostluk-doganlyk we parahatçylygyň ýoludyr.

Nuryýewa ŞEMŞAT,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok