“Samsung Galaxy Z Flip 2”-niň çykjak senesi, aýratynlyklary we bahasy belli boldy.

“Samsung”, akylly smartfon modelleri “Galaxy Z Flip” we “Galaxy Z Fold” bilen tehnologiýa dünýäsinde uly täsir galdyrdy. Geljek ýyl çykmagyna garaşylýan Samsung Galaxy Z Flip 2 baradaky ähli jikme-jiklikler belli boldy.

2019-njy ýylda täze dizaýn bilen tanyşanymyzda, bazarda ilkinji gezek Samsung Galaxy Fold we Huawei Mate X ýaly eplenýän smartfonlary gördük. “Samsung Galaxy Fold” -yň ilkinjisi bolsa-da, esasanam Amerikada uly ünsi çekdi, ýöne bahasynyň ýokary bolmagy sebäpli adamlaryň iň köp alýan telefony bolup bilmedi.
Tehnologiýany halaýanlaryň köpüsi, eplenip bilinýän telefon barada aýdylanda kellä gelen ilkinji enjamyň “Fold” däl-de, “Samsung Galaxy Z Flip 2” boljakdygyny aýdýarlar. Bu talapyň esasy faktorlarynyň biri, telefonyň arzanlygy sebäpli hemmelere elýeterli bolmagydyr. Ýakyn wagtda bazara çykjak Samsung Galaxy Z Flip 2 hakda aýdylanlaryň hemmesini paýlaşdyk.

Bu täze smartfon barada iň gyzykly zatlaryň biri, telefonyň çykjak senesi. “Samsung” entek resmi beýanat bermese-de, “Samsung Galaxy Z Flip 2” smartfonynyň haçan satuwa çykaryljakdygy barada käbir pikirler bar.
Ýadyňyzda bolsa, seriýanyň ilkinji modeli “Galaxy Z Flip” 2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda “Samsung” -yň açylmadyk çäresinde “Galaxy S20” bilen tanyşdyryldy. Täze model, tanyşdyrylandan 3 gün soň, 2020-nji ýylyň 14-nji fewralynda çykdy.
“Galaxy Z Flip 2”-iň azyndan 8 Gb RAM, 256 Gb-dan gowrak içki ýady we has ýokary batareýa kuwwaty 3300mAh bolmagyna garaşylýar. Şeýle-de 5G internet mümkinçiligi bolar.

Baýmuhammet ŞIRLIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok