Lenovo täze önümlerini tanyşdyrdy.

Lenovo täze önümlerini ABŞ-nyň Las Wegas şäherinde geçirilen tehnologiýa ýarmarkasy “CES 2020” sergisine dünýäde ilkinji 5G noutbugy bolan “Yoga 5G”, Gizlenýän ekran kompýuter, ThinkPad X1 Fold, täze Chromebook we akylly çarçuwasy bolan önümlerini hödürledi.

“Lenovo” Las Wegasda geçirilen CES 2020-de dünýädäki ilkinji 5G noutbukyny goşmak bilen täze önümlerini hödürledi.2020-nji ýylyň ýazynda elýeterli bahadan “Yoga 5G” bilen, Lenovo kompýuter tejribesinde we smartfon tehnologiýalarynda ilkinji gezek 5G birikmesini hödürledi.

Ultra göçme 2-in-1 noutbuk “Yoga 5G”, “Qualcomm Snapdragon 8cx”, 5G hasaplaýyş platformasynda işleýär.

5G mümkinçilikli noutbuk modeli, ýolda 5G hyzmat üpjün edijisiniň üsti bilen 4G-den 10 esse çalt we öýde Wi-Fi birikmesini hem hödürleýär.

TÄZE СHROMEBOOK

“Lenovo”- dan başga bir täze önüm, “Lenovo IdeaPad Duet Chromebook” 10 sagada çenli batareýanyň ömrüni hödürleýär. Lighteňilligi we inçeligi bilen tapawutlanýan täze “Chromebook” minimalistik dizaýna, içgin golýazma üçin goşmaça USI stiline, pes gijikdirme belligini almak we şekilleri çekmäge eýe.

2-den aýrylyp bilinýän “IdeaPad Duet Chromebook” 2020-nji ýylyň maý aýyndan başlap elýeterli bahadan satylýar.

SMART ÇARÇUWASY

CES-de görkezilen “Lenovo Smart Frame” ulanyjylar üçin täze kategoriýa. “Akylly çarçuwada” mat reňkli, ýalpyldawuk gatlak ekrany bar.

Reňk äheňli datçik, otagdaky ýagtylyk şertlerine görä şekilleriň ýagtylygyny sazlaýar. 2020-nji ýylyň ahyryna çenli elýeterli boljak “Lenovo Smart Frame”, surat slaýdlaryny ýa-da wideolaryny üýtgetmek, dowam etdirmek ýa-da duruzmak üçin birnäçe el hereketlerini ulanyp bolýar.

Maýa AMANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk
uniwersitetiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok