Ýer titremesi barada

Stenforddaky hünärmenleriň ýer titremeleriniň nirede we nädip bolup
geçýändigi, çaklamalar üstünde gözlegler geçirdiler. Aýagymyzyň aşagyndaky ýer elmydama hereketde. Ýer titremesinde, Ýeriň daşky
gatlagyndaky daş bölekleri biri-biriniň öňüne geçip geçmegi arkaly ýer
titräp biler. Asyrlar boýy ýer astynda toplanýan güýçler sanlyja sekundyň içinde katastrofiki partlamany üpjün edip biler.

Köp titremeleriň güýçlilik derejesi az mukdarda bolýar. Her ýyl 500
000 töweregi ýer titremesi bolýar. Olaryň 100,000 töweregi duýuljak
derejede güýçli we diňe 100 töweregi zeper ýetirip bilýär. Adatça Ýeriñ
gabygynyň ýokarky 10 kilometri ýa-da ondan gowragynda ýüze çykýar
we tektoniki plitalarynda gabat gelip bilýär.

Şeýle-de bolsa, soňky ýigrim ýyllygyň dowamynda ýer titremeler tebigy
betbagtçylyklar bilen baglanyşykly ölenleriň ýarysyndan gowragyny
özünde jemleýär. Islendik ýer titremesinde zyýanyň derejesi ilatyň
gürlügine we titrän ýerindäki gurluşuk binalaryna bagly bolup durýar.
Bütin dünýäde bu wakalar adamlaryñ maddy durmuşyna uly zeper
ýetirýär.

Altybaýewa Rozaý
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok