Smartfonlara iň çalt bildirişleri ýetirýän telefon markalary yglan edildi.

“Counterpoint Research”  Android smartfonlarda bildirişleri ulanyja  iň çalt ýetirýän telefon markalary belli boldy. “Nokia” bazardaky ähli smartfonlaryny iň täze “Android” wersiýasyna çykarmak we olaryň hemmesine aýlyk howpsuzlyk täzelenmelerini çykarmak bilen sanawda birinji orny ýeri eýeledi.

Gözlegleri öň köp habarlara öwrülen Counterpoint Research indi Android smartfon öndürijilerini ýene bir gezek gözden geçirdi we haýsy öndürijiniň täzelenmelerde tapawutlanmagy başarandygyny mälim etdi.

Geçirilen barlaglara görä, bir wagtlar ykjam telefon pudagynda öňdebaryjy bolan, emma telefonlar “has akylly” bolup başlaly bäri köne meşhurlygyny gözleýän Nokia täzelenmeler barada aýdylanda ähli Android telefon öndürijilerini yzda galdyrmagy başardy.

Counterpoint Research tarapyndan paýlaşylan tablisa görä, Nokia bazardaky 20 smartfonyň hemmesine “Android 10” täzelenmesini çykardy we enjamlarynyň 100 göterimine täzelenmeler bermek bilen sanawyň başynda çekdi.

Aslynda, “OnePlus” enjamlarynyň 100 göterimine täzelenmeler çalt gelýär, ýöne “OnePlus” bazardaky smartfonlaryň sanynyň ýarysyna-da ýetmeýänligi sebäpli iň ýokarda  Nokia bolmagyna galdy.

Smartfonlarynyň hemmesini iň soňky “Android” wersiýasyny çykaran “OnePlus”, bu telefonlaryň 90 göterimine howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Galan 10 göterimi ýylyň çärýeginde bir gezek howpsuzlyk täzelenmelerini alýar.

Esasy smartfon öndürijileriniň arasynda iň uly garaşylmadyk “Samsung”-dan geldi.  Counterpoint Research-iň maglumatlaryna görä, Samsung her aý bazardaky smartfonlarynyň diňe 22 göterimine howpsuzlyk täzelenmelerini çykarýar. Galan modeller her çärýekde howpsuzlyk täzelenmesini alýarlar.

Berdimyrat MÜRRIKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok