3D printer bilen dünýäniň iň kiçi gaýygy ýasaldy.

Alymlar 3D printerleri ulanyp gaýyk ýasadylar. Bu gaýygy özboluşly edýän zat, onuň ölçegidir. Hünärmenler gäminiň uzynlygynyň bary-ýogy 30 mikrometrdigini aýdýarlar. Gäminiň maksady, suwukdaky mikroskopiki hereketler barada jikme-jik maglumat almak.

Gollandiýada hyzmat edýän Leýden uniwersitetinde işini dowam etdirýän alymlar 3D printeri ulanyp dünýäniň iň kiçi gämisini öndürdiler. Bu gaýyk şeýle bir kiçijik welin, uzynlygy bary-ýogy 30 mikrometrdir. Hünärmenler 3D printeri ulanmak arkaly ýasalan bu gaýygyň adam saçynda ýüzüp biljekdigini aýdýarlar.

Bu täze döredilen gaýyk modeli, 3D printerleriň mümkinçiliklerinde kynçylyk döredýär we printerdäki ýalňyşlyklary ýüze çykarýar. Şonuň üçin alymlar 30 mikrometr uzynlykda döredilen mikrobölejigi gaýyk hökmünde aldylar.

Alymlar bu gaýygyň öň hiç ýerde nusgasyny etmediler. Hünärmenler mikroskopik deňiz, mikroskopik organizmler we bu basyş görnüşi bilen suwuklykdan geçip bilýän mikroskopik hereketler barada has giňişleýin öwrenmek üçin şeýle gözleg işine başladylar. Şol aralykda, sperma we bakteriýalar ýaly suwuklykda hereket edip bilýän mikroskopiki hereketleri mysal berip bileris.

Çap etmek taslamasynyň başlygy Daniela Kraftyň beren beýanatyna görä, 3D Benchy 3D printerleri  çynlakaý garşylyk görkezýär. Printerler işleri bilen dürli synagdan geçmegi başarýarlar. Şeýle gözlegiň diýseň gyzyklydygyny mälim eden Kraft, täze gözlegleri dowam etdirip biljekdigini aýtdy.

Şeker PERMANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok