“iPhone-12”-niň suwa çydamlylygy çuň suwlarda barlanyldy.

“EverythingApplePro EAP” atly YouTube kanaly, “Apple” -iň suwa çydamly “iPhone 12” akylly telefonuny çuň suwda synagdan geçirdi. Mundan başga-da, bu synaga “iPhone 12”-den kiçi “iPhone 11” ýoldaş boldy.
Täze smartfon satyn alanyňyzda nämä üns berýärsiňiz? Kamerasy, prosessor, operasiýa ulgamy, RAM we içki göwrümi ulanyjylaryň üns berýän zatlarynyň biridir. Olaryň tozana we suwa garşylygy hakda näme aýdyp bilersiňiz?
Häzirki wagtda esasanam akylly enjamlarda tozana we suwa çydamly şahadatnamalar bar. “Apple” -iň täze nesli “iPhone 12” -iň suwa garşylygy hem bar. Elbetde, “Apple” -iň şeýle talaby bar bolsa, bu talaby barlamak isleýänler hem ýok däl.
“YouTube” kanaly “EverythingApplePro EAP” “iPhone 12” -iň bu talaplaryny barlamak kararyna geldi we “iPhone 11” -ni “iPhone 12” -iň gapdalynda goýdy. Çuňlugyň aralyklary bilen iki enjamyň suwa garşylygy barlandy.

“IPhone” enjamlarynyň entek suwa garşylyk synaglarynyň ýokdugyny mälim eden kanalyň eýesi Filip Koroý iki enjamy hem gutyda goýdy we ilki bilen 2 metr çuňlukda berkligini barlady. Ýarym sagat töweregi wagtdan soň, iki enjam henizem işleýän wagtynda synagdan geçip bildi.
Soňra çuňlugy 5.49 metre çenli aşaklatdy. Gutynyň bu çuňluga ýetmegi üçin gutynyň içine birnäçe daş goýuldy. Iki enjam hem takmynan 6 metr çuňlukda galdy. Iki synagdan üstünlikli geçen enjamlary üçünji gezek 9,14 metr çuňluga çümdürdi. “IPhone 11” hem, “iPhone 12” ikisi hem 20 minutdan soň 9 metr çuňlukda hiç zat bolmazdan galmagy başardy.

Şirinjemal GURBANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok