Önümleri ter görnüşinde saklamak üçin işler alnyp barylýar
Daşoguz welaýat «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň garamagyndaky uly ammar gök-bakja, miwe hasylyny hem-de beýleki azyklyk önümleri ygtybarly saklamaga, olary görnüşleri boýunça saýlamaga hem-de sarp edijilere elýeterli bahalardan ýetirmäge mümkinçilik berýär. Daýhan birleşikleriň kärendeçileri, ýerleri uzak möhlete ulanmaga alan daýhan hojalyklary we beýleki önüm öndürijiler baglaşan şertnamalary esasynda, dürli görnüşli azyklyk önümlerini saklamak üçin bu ýere tabşyrýarlar. Kuwwatlylygyna görä, uly meýdany tutýan bu ammaryň degişli jaýlarynda ýylyň başyndan bäri 3 müň 700 tonna golaý ýeralma, 18 tonna erik kişdesi, 470 tonna alma, 4 tonna ary baly we beýleki azyklyk önümleriň uly möçberi tapgyrlaýyn esasda ýerleşdirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Bu ýerde ornaşdyrylan ýyladyjy hem sowadyjy kuwwatly enjamlar ýörite jaýlarda howanyň zerur derejesiniň bolmagyny üpjün edýär. Bu bolsa zähmet siňdirilip ýetişdirilen önümleri ammara gelip düşen ýagdaýyndaky ýaly ter görnüşinde saklamaga şert döredýär. Ilaty özümizde öndürilýän önümler bilen ýylyň ähli pasyllarynda doly üpjün etmekde bu desganyň mynasyp goşandy bar. Şu günler bolsa bu ýere kelem, käşir, ýeralma, kädi ýaly önümleriň täze hasyly gelip gowuşýar.
Gülruh Mämmedowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.
Teswirler