Dostlukly halklaryň bähbidine hyzmatdaşlyk

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik bilen baglylykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri Mejlisde Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Widh Pithambaran Nair bilen geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy. Ýokary derejede ýola goýlan hyzmatdaşlyk şol gatnaşyklaryň berkidilmegine hyzmat edýär. Hususan-da, öňde agzalyp geçilen telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistanyň Baştutanlary ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen, şol sanda ýurdumyzyň senagatlaşdyrma tarap alan ugruny nazara almak bilen ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Türkmenistan öz tarapyndan hindi kompaniýalaryna maýa goýum taslamalaryny amala aşyranda, zerur bolan goldawy bermäge taýýardyr hem-de olary oba hojalyk, himiýa, derman senagaty, ýeňil senagat, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk materiallaryny öndürmek ýaly ugurlarda bilelikdäki ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek mümkinçiligine seretmäge çagyrdy.

Dostlukly döwletiň ilçisi ýurdumyzyň ýokary kanun çykaryjy edarasynyň esasy wezipeleri, onuň düzümi hem-de işiniň ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dünýäniň kanun çykaryjylyk tejribesini, milli kanunçylyga işjeň ornaşdyrylýan halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen, mäkäm kanunçylyk hukuk binýady döredildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm Konwensiýalaryna goşulmak bilen bir hatarda amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň halkara hukuk giňişligine netijeli goşulmagyna hemmetaraplaýyn ýardam edýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok