Ukrainada galan raýatlarymyz ýörite uçar bilen gaýdyp geldi

Şu gün Kiýewiň «Borispol» howa menzilinden «Türkmenhowaýollarynyň» Boeing 777-200LR uçary Türkmenabadyň halkara howa menziline gondy.

Ýörite çarter uçuş bilen Ukrainada galan türkmenistanlylaryň 200-den gowragy Watanymyza gaýdyp geldi. Olar koronowirus pandemiýasy sebäpli uçuşlar bes edilenden soň bu ýurtda galmaga mejbur boldular. Olaryň aglabasy Ukrainanyň ýokary okuw jaýlaryny gutaran ýaşlardyr.

Türkmenistanyň raýatlary Ukrainadaky daşary ýurtly talyplaryň sany boýunça ilkinji onluga girýär. Bu ýurtda 4 müňden gowrak watandaşymyz okaýar.

Ýörite uçuş bilen Türkmen raýatlarynyň öz watanyna tapgyrlaýyn getirilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi esasynda amala aşyrylýar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň tekliplerine görä, gelen ähli raýatlar hökmany iki hepdelik karantini geçerler.

Türkmenistan daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlarynyň watanyna tapgyrlaýyn getirilmegini guramak boýunça işlerini dowam edýär. Türkmenabat halkara howa menziline Türkiýe, Russiýa, Belarus we Hindistan ýaly ýurtlardan COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagy sebäpli ozal gaýdyp bilmedik türkmen raýatlaryny yzyna tapgyrlaýyn getirilmegi üçin çarter uçuşlary bilen amala aşyrylandygyny hem bellemek gerek. Türkmenistanyň 120 raýaty bolsa, Özbegistandan gury ýer bilen öz watanyna gaýdyp geldi.

Ýakyn geljekde watandaşlarymyzyň Azerbaýjandan, Gazagystandan we Ýewropa ýurtlaryndan tapgyrlaýyn getirilmegi guralar.

Bagtyýar Söýünow,
TOHU-nyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok