Seniň giden ýoluňa seredip, näme diýjegimem bilmän galdym. Bu wagta çenli sensiz ýaşamak barada men pikir etmekden gorkardym. Sen barada kalbymdan çykýan şu goşgy tolkun kimin ýüregimde joşýar:
Sen gidensoň wagt durdy ýöremän,
Indi gaýdyp duşuşjagmyz nä güman.
Nä-hä öňe ätdim, ne-de bir yza,
A sen bolsa ýöräp barýaň säginmän.
Iň erbedem sen maňa näçe ýakyn ýaşasaňam, duşup bilmeýänligim meni otdan alyp, suwa salardy. Ýöne saňa duşup köne dertlerimi gozgamagyň indi haýyrynyň ýokdugyny duýup, seni näçe çalt unutsam, şonça-da arkaýyn ýaşaryn diýip,öz-özüme teselle berdim. Ýürege erk edip bolýarmy näme! Saňa bolan söýgim tutuş beden hat-da aklymam boýun egdirip bilýärdi. Şonuň üçin hem sen bilen bagly düşüniksiz soraglar halys meni iýip barýardy. Ýadadym. Pikirlenmekden. Onda-da şol bir adamyň pikirini edip, öz-özüme jogapsyz soraglar berip ýadadym.
Ine, şu günem zol-zol uzaklara seredip, kimdir birine garaşýan ýaly alyslara nazarlanýanyma özümem haýran. Ýogsam geljek diýenem ýok. Janyma jaý tapman bir ýerde durup bilmeýänime, bahar güllerini günäkär saýýan. Meýdandaky guşlary diňle. Olar guş bolsalaram, gysga wagtlyk bagtyň gadryny bilýärler. Uzak ýurtdan gaýdyp gelen, durnalar olaram öwrüm edip ýene-de watanyna dolanýarlar. Özlerem diýsem şadyýan hemem bagtly. Muny olaryň seslerindenem aňsa bolýar. Durnalar dolandy. Sen dolanmazmyň. Göwnüme bolmasa, sen bir ýerden çykyp, men geldim indi bizi hiç zat aýra salyp bilmez diýäýjek ýaly diýen sözleriň ýatlap hem oturýan. Güýzde giden durnalar baharda hökmän dolanar diýip, güýzde uçup barýan durnalara gynanyp seretsem, öwran-öwran gaýtalardyň. Sen durna bolup uçup gitdiňde, baharda yzyna dolanaýmagy unudaýdyň öýdýän. Enem pahyr : “ähli zadyň dermany wagt” diýerdi. Çyndanam wagt geçdigiçe,sensiz ýaşamaklyga endik etdim. Tükeniksiz jogapsyz soraglarymy kalbymyň törüne gizledimde, başgalar ýaly dünýäň sesine sesimi goşup deň-duşlam bilen degşip, gülşip ýaşadym. Indi käteler ýylgyrýanam käteler gülüp. Barym, bagtym diýip elýetmez
söýgim ýatlama öwrüldiň geçmişde galyp…..
Gülruh ATABAÝEWA
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler