Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby hytaý dilinde neşir edildi

Hormatly Prezidentimiziň golaýda çapdan çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby hytaý dilinde neşir edilip, okyjylar köpçüligine ýetirildi  — diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda döreden bu eseri halkymyzyň asylly däpleriniň dowamatyny alamatlandyrmak bilen, ynsanyýetiň taryhy-medeni gymmatlyklaryny hemmetaraplaýyn öwrenmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň dürli dillere terjime edilmegini haýyş edip, dünýäniň giň ylmy köpçüliginden yzygiderli haýyşnamalaryň gelip gowuşmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr.

Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň hytaý dilinde çap edilmegi paýhasly pederlerimiziň şöhratynyň mundan beýläk-de belende göterilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň eserlerine tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary baha berip, uly gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar. Dünýäniň iň giňden ýaýran dilleriniň biri bolan hytaý dilinde çapdan çykan bu kitap dostlukly ýurduň halky üçin türkmen halkynyň baý taryhy we medeni mirasy, asylly ýörelgeleri hem-de milli däpleri hakyndaky maglumatlary ene dilinde okamaga mümkinçilikdir. Munuň özi özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýän türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ynsanperwer ugruny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga, birek-biregiň taryhyny we medeni mirasyny has-da içgin öwrenmäge ýardam berýär.

Selim Haşymow,
TOHU-nyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok