OBA HOJALYGYNYŇ ÖSÜŞINDE TEHNIKALARYŇ ORNY

Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygyny häzirki zaman tehnikasy bilen üpjün etmek hem-de olary netijeli ulanmak baradaky wajyp wezipeleri öňde goýdy. Ýurt baştutanymyzyň ýurduň ilatyny we senagaty oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmäge ýyldan-ýyla pudaklara berlen maddy serişdeleri rejeli ulanmaly, zähmet öndürijiligini has hem ösdürmeli, işleriň guramaçylyk taraplaryny we tehniki üpjünçiligini kämilleşdirmeli.

Türkmenistanyň oba hojalygy gymmatly önümleri we çig mallary öndürýän möhüm pudaklaryň biridir. Olary öndürmek üçin howa şertlerini, ekinleriň we mallaryň görnüşlerini, öndürilen önümiň görnüşini we onuň göwrümini, hojalygyň ykdysady ýagdaýyny anyklamaly. Diýmek, geljekde bu pudakda işlejek hünärmenler, bu ugurdan okaýan talyplar ulanylýan tehnikanyň diňe gurluşyny bilmän, olary sazlamak we ideg işlerini geçirmegi hem-de ykdysady görkezijilerini hasaplamak usullaryny bilmelidirler.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen bazar-ykdysady gatnaşyklaryna geçmegi önümçiligiň çalt we durnukly ösüşini üpjün edýär. Şu döwürde oba hoja¬lyk tehnikalarynyň dünýä bazarynda senagat toplumyny doly kanagatlandyrýan kysymlarynyň saýlanyp alynmagy we toplumlaýyn oba hojalyk önümçiliginde ornaşdyrylmagy zerurdyr. Bu işi amal etmek şu günki talyplaryň, ertirki ýokary bilimli oba hojalyk hünärmenleriniň paýyna düşýär.

Ýurdumyzyň oba hojalygyny tehnikalary bilen doly üpjünçiligine aýratyn üns berilýär. Dünýä standartyna laýyk öndürilýän täze kysymly, kuwwatly, ygtybarly, ýokary öndürijilikli we tehnologiýaly “John-Deere”, “Claas”, “Belarus” ýaly oba hojalyk tehnikalary ýurdumyzda barha giňden ornaşdyrylýar.

Döwletimiziň oba hojalygyna goýberilýän maýa goýumlarynyň möçberi örän köp we olaryň agramly mukdary täze kysymly tehnikalara we tehnologiýalara sarp edilýär.

Getirilýän täze tehnikalar ýurdumyzyň oba hojalygyny mehanizmleşdirmekde – täze ösüş depginlerini görkezýär. Ol tehnikalar gysga döwrüň içinde däne ekinleriniň, gowaçanyň, mekgejöweniň, gant şugundyrynyň, ýeralmanyň ösdürilip ýetişdirilmeginiň toplumlaýyn mehanizasiýasynyň doly amala aşyrylmagyny we başga ekinleriň mehanizmleşdiriş derejesini ýokarlandyrmagy üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Oba hojalyk tehnikalary has ygtybarly degişli iş gurallary bilen doly üpjünlenen bolmalydyr. Biziň öňümizde şu günki we ertirki gerek boljak tehnikalary we tehnologiýalary esaslandyrmaklyk, önümçilikde ornaşdyrmak boýunça örän uly, yzygiderli işleri alyp barmaklyk durýar. Şeýle bütewi tehniki syýasaty alyp barmak diňe bir konstruktorlaryň däl, eýsem tehnologlaryň hem, maşynlaryň ulanylyşy boýunça inženerleriň hem işi bolmalydyr.

Has kämil derejelere ýetmek üçin, diňe bir oba hojalygyna goýberilýän maşynlaryň hili däl, olaryň netijeli ulanylmagy, şeýle hem, senagat esaslaryna geçirmek bilen, mehanizirlenen oba hojalyk önümçiliginiň tehnologiýasy hem ösdürilýär. Ekinleri ösdürip ýetişdirmekde topragy goraýan, zähmeti ýeňilleşdirýän we energiýany aýawly sarp edýän tehnologiýalar giňden ulanylmalydyr.

Hudaýberdiýew AÝMYRAT
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok