Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda at çapyşygy geçirildi. At çapyşyklary halkymyzyň iň söýgüli baýramçylyk däpleriniň biridir. Ol nesilden-nesle geçirilip gelinmegi we nesilleriň ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garamagynyň netijesinde häzir hem dowam edýär. Biziň günlerimizde özüne çekiji bu ýaryşlar, elbetde, gadymy döwürler bilen deňeşdireniňdäkiden düýbünden başga şertlerde geçýär.
Ahalteke tohum atlarynyň dünýädäki şöhratyny gorap saklamak we has-da artdyrmak işindäki örän uly hyzmat hormatly Prezidentimize degişlidir. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde atçylyk pudagy kuwwatly ösüşe hem-de iň döwrebap düzümlere eýe bolup, ýurdumyzy tutuş dünýä atçylygynyň öňdebaryjy merkezi hökmünde täzeden tanatdy.
Ahalteke bedewine öz söýgüsini beýan edip, halkymyz ony “behişdi”, “ganatly”, “jenneti” diýip atlandyrýar. At iň belent meňzetmelere mynasypdyr — çünki ol taryhyň janly, hyjuwly heýkelidir hem-de haýran galdyrmagy we ruhuňy götermegi dowam edýän täsin özboluşlylykdyr. Bu bedewlere örän köp goşgy setirleri, sungat eserleri bagyşlandy. Häzirki döwürde-de olar paýtagtymyzy bezeýän köp sanly heýkel eserlerinde şekillendirilendir.
Baýramçylyk çapyşyklaryna badalga berildi. Ahalteke bedewleri çapyşyklaryň 7-sinde dürli aralyklarda öz ýyndamlygyny we tizligini görkezdiler. Çapyşyklaryň her birine baýraklar goýuldy — 6 baýragyň her biri 15 müň amerikan dollary bolup, olar halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň adyndan hem-de baş baýrak — 30 müň dollar hormatly Prezidentimiziň adyndan goýuldy. Şeýlelikde, baýraklaryň umumy möçberi 120 müň dollar bolup, olar her çapyşyga gatnaşýan 12 çapyksuwaryň içinden diňe ýeňiji bolanlaryň arasynda paýlanar. Şeýlelikde, baýraga dalaş edýänleriň jemi sany 84 çapyksuwardan ybaratdyr.
Birinji çapyşyga üçýaşar bedewler gatnaşdylar. Pellehanadan ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Kararym diýen aty geçdi, ony çapyksuwar N.Agamyradow çapdy. Ol 1600 metr aralygy 1 minut 48 sekuntda geçdi.
Ikinji çapyşyk hem 1600 metr aralyga geçirildi. Bu ýaryşda iň oňat wagty çapyksuwar D.Berdimämmedowyň çapan, Içeri işler ministrligine degişli bolan Gyrbedew diýen aty görkezdi. Ol bu aralygy 1 minut 42,2 sekuntda geçmegi başardy.
Üçünji çapyşykda bedewler 1800 metr aralyga güýç synanyşdylar. Pellehanadan ilkinji bolup B.Babaýewiň çapan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Bezirgen diýen aty geçdi. Ol bu aralygy 2 minut 02,6 sekuntda geçdi.
Ilkinji iki çapyşyklardaky ýaly, üçýaşar bedewleriň gatnaşan dördünji çapyşygy 2200 metr aralyga geçirildi. Pellehana ilkinji bolup çapyksuwar R. Abdyýewiň çapan, Türkmenistanyň Atly sport federasiýasynyň Dorhan diýen aty geldi. Ol bu aralygy 2 minut 27,1 sekuntda geçdi.
Dörtýaşar we uly bedewleriň gatnaşmagynda bäşinji çapyşykda (2200 metr aralyk) ilkinji üç baýrakly orunlary Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň bedewleri eýelediler. 2 minut 30,7 sekunt netije görkezip, Goşasakar diýen at pellehanadan ilkinji geçdi. Bedewi çapan çapyksuwar N.Annamyradow.
Altynjy çapyşyga hem (2400 metr aralyk) dörtýaşar we uly bedewler gatnaşdylar. Bu ýaryşda Adalat ministrliginiň Syrdaşym diýen aty birinji orny eýeledi. Çapyksuwar B. Berkeliýewiň çapan bu aty bellenen aralygy 2 minut 38,3 sekuntda geçmegi başardy.
Dörtýaşar we uly bedewleriň gatnaşan jemleýji çapyşygy 2400 metr aralyga geçirildi. Bu ýaryş ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlan baş baýragy almak ugrunda ýaýbaňlandy. Dartgynly we özüne çekiji bu çapyşykda Dorgunan diýen bedew pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Ussat çapyksuwar B.Agamyradowyň çapan bu bedewi 2 minut 49 sekunt wagt görkezdi.
Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Olara baýraklar, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan baýrak gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmegi höweslendirmegiň, ýüwrük bedewleri terbiýelemegiň hem-de ussat çapyksuwarlary taýýarlamagyň ýene-de bir çäresidir. Muňa bolsa döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde wajyplygyny has-da artdyryp, uly ähmiýete eýe bolan milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi hökmünde uly üns berýär.
Çapyksuwarlar milli atşynaslygy we atçylyk sportuny ösdürmek baradaky aladalary üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň atçylygynyň şöhratly däplerini gorap saklamak, ahalteke tohumlaryny mundan beýläk-de wagyz etmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar — diýlip, «Türkmenistan» gazetinde aýdylýar.
Süleýman Babaýew,
TOHU-nyň talyby.
Teswirler