29-njy sentýabr – Halkara azyk ýitgilerinden we galyndylaryndan habarlylyk güni

Şu gün – 2020-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Birleşen milletler guramasynyň agzasy bolan bütindünýä jemgyýetçiligi ilkinji gezek “Halkara azyk ýitgilerinden we galyndylaryndan habarlylyk gününi” giňden dabaralandyrýar.

BMG-niň Baş Assambleýasy 2019-njy ýylyň 19-njy dekabryndaky A/RES/74/209 belgili rezolýusiýasynyň esasynda “29-njy sentýabry – Halkara azyk ýitgilerinden we galyndylaryndan habarlylyk güni” diýip kesgitledi. Bu rezolýusiýa laýyklykda bu şanly senäni bütindünýä jemgyýetçiligi bolup bellemekligiň esasy maksady azyk meselesiniň ähmiýetine we ähli derejelerde mümkin bolup biljek çözgütlerine düşünmeklikdir hem-de bu babatda Durnukly Ösüş Maksatnamasyna ýetmeklik üçin global tagallalary we köpçülikleýin çäreleri öňe sürmeklikdir. Hut şu nukdaýnazardan-da, 2030-njy ýyla çenli ýokary hilli azyk önümçiligi we üpjünçiligi boýunça ýitgileri azaltmaklyk Birleşen milletler guramasynyň agzasy bolup durýan her bir döwletiň esasy maksadydyr.

BMG-e agza döwletleriň ählisi hem bu başlangyjy makullaýar we Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy guramasynyň (FAO) hem-de beýleki degişli guramalarynyň azyk ýitgilerine we galyndylaryna garşy çäre görmeklik baradaky çagyryşyna goşulýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok