TERi Foods – Tebigy önümler

Düýn Aşgabat şäherindäki Bagtyýarlyk söwda-dynç alyş merkezinde Aýly Ýaz hojalyk jemgyýetiniň TERi Foods haryt nyşanynyň önümleriniň degustasiýasy, ýagny dadymlyk sergisi guraldy.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary önümleri dadyp gördüler we olara ýokary baha berdiler. Görkezilen harytlarda hiçhili himiki reňk berijileriň we aromatizatorlaryň ýagny hoşboý ys berijileriň ýoklugy köpleriň ünsini çekdi.

Aýly Ýaz hojalyk jemgyýetiniň TERi Foods haryt nyşany 2018-nji ýyldan bäri önümçiligini dowam etdirip gelýär. Öndürilýän harytlaryň 23-e golaý görnüşleri bar we olaryň ählisinde hem tebigy ösdürilip ýetişdirilen miweleriň we gök önümleriň tebigy tagamyny we ysyny goramaga uly üns berilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok