BSGG-niň geçiren monitoringiň jemlerini barada brifing geçirildi

Türkmenistanyň Söwda senagaty edarasynda Bütindinýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistanda COVID-19 keseli bilen geçiren monitoringiniň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, beýleki döwlet düzümleriniň, daşary döwletleriň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistana gelen we 2020-nji ýylyň 6-njy iýulynda seljeriş işleri Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçy Ketrin Smollwud öz seljeremeleriniň netijesinde Türkmenistanda COVID-19 ýokanç keseli bilen hiç hili hadysa hem hasaba alynmandygy anyklanandygy nygtaldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok