Ermenistan halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça Aşgabat Ylalaşygyna goşulýar!

Ermenistanyň Hökümeti halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça Aşgabat Ylalaşygyna goşulmak kararyna geldi. Bu çözgüt ýurduň Hökümetiniň mejlisinde kabul edildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Aşgabat Ylalaşygy Eýran, Oman, Türkmenistan we Özbegistan tarapyndan döredilen halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça ylalaşyk bolup, bu geçelge Merkezi Aziýa bilen Pars aýlagynyň portlarynyň arasynda ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir.

Ermenistanyň bu ylalaşyga goşulmagy ýurduň Merkezi Aziýa döwletleri bilen Pars aýlagynyň portlaryny birleşdirýän ulag geçelgesine integrasiýa üçin täze mümkinçilikleri açar we sebitleýin ulag gatnaşyklaryny we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berer.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok