Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi 2025-2026-njy okuw ýylynda okuwa girmek isleýän Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylaryny şu ýylyň 15-nji maýynda sagat 11:00-da «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar!
Şol gün ýaşlar mekdep bilen tanyşdyrylar, olara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, öwredilýän hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri, talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin maglumat berler, kitap sergisi guralar.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň 1984-nji köçesiniň (Puşkin) 22-nji jaýy. Telefon belgisi: 92-52-19.
Teswirler