Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynyň okyjylarynyň jemi sany 9 müň 800-den geçdi

Häzirki wagtda Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynda we onuň Bereketli zaman, Berkararlyk şahamçalarynda döwrebap kitaphana hyzmatlary amala aşyrylýar. Şu ýylyň geçen üç aýynda agzalan kitaphanalara täze ýazylan okyjylaryň sany 300-e golaýlady. Şeýlelikde, etrap merkezi kitaphanasynyň we onuň ýerlerdäki şahamçalarynyň okyjylarynyň jemi sany 9 müň 800-den geçdi. Okyjylaryň aglabasynyň ýaşlardygy has-da begendirijidir.

Kitaphana işgärleri ýaş okyjylaryň arasynda täsirli maslahatlardyr duşuşyklary, söhbetdeşlikleri, edebiýat agşamlaryny geçirýärler, göçme kitap sergilerini guraýarlar. Bu bolsa, ýaşlary kitaphana çekmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok