Ýaňy ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, halkara ähmiýetli forum hökmünde uly gyzyklanma döretdi.
Maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Şeýle hem foruma Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň döwlet edaralarynyň, iri kompaniýalaryň hem-de Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda öňe sürýän başlangyçlary ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna, ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň bähbidine dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Şu günki forum hem halkara ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, döwletara, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk durnukly ösüşi üpjün etmekde strategik ähmiýete eýedir. Ol söwda, energetika, ulag we ekologiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary öz içine alýar. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek diňe bir ykdysady ösüşe ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmak dialogyny hem pugtalandyrýar. Munuň özi durnukly ösüşi üpjün etmegiň wajyp şerti bolup çykyş edýär
Gahryman Arkadagymyz maslahatda eden çykyşynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň ähmiýetine ünsi çekdi. Ol bu taslamanyň sebitiň ykdysady ösüşine we durnuklylygyna uly täsir ýetirjekdigini nygtady. Şeýle hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň dowam etdirilýändigi, bu ulgamda hyzmatdaşlygyň giňeldiljekdigi barada habar berildi.
Forumyň çäklerinde Merkezi we Günorta Aziýa sebitindäki energetika, ulag, infrastruktura taslamalary, şeýle hem halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.
Maslahatyň jemleri boýunça degişli resminamalar kabul edilip, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça anyk teklipler beýan edildi.
Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler