Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda daşary ýurt dillerini öwrenýän ýaşlaryň bilim derejesini barlamak, zehinleri ýüze çykarmak, döredijilik ukyplaryny ösdürmek we daşary ýurt dillerini öwrenmegiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen Döwlet bäsleşiginiň III jemleýji tapgyry 2025-nji ýylyň 19-20-nji martynda Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirildi.
Bu bäsleşik iňlis we rus dilleri boýunça dört ýaş derejesinde guralyp, gysga möhletli okuw merkezleriniň birinji we ikinji tapgyrlaryndan geçen 203 diňleýji öz ukyp-başarnyklaryny synadylar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirildi. Deslapky tapgyrlaryň netijesine görä, Aşgabat şäherinden we Ahal welaýatyndan 35, Balkan welaýatyndan 31, Daşoguz welaýatyndan 47, Lebap welaýatyndan 42 we Mary welaýatyndan 48, jemi 203 diňleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandy.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli derejeli diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem bäsleşigiň ýokary derejede guralmagyna işjeň gatnaşan toparlaryň agzalary minnetdarlyk hatlary bilen sylaglandy.
Teswirler