Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 2025-nji ýylyň 19-njy martynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli Tejen etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär. Çäre Tejen etrabynyň Tejen şäheriniň Magtymguly köçesiniň 35-nji jaý salgysynda ýerleşýän edara binasynda geçirilýär.
Tejen etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalary, guramalary, firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige hem-de işe girmek isleýän raýatlary geçiriljek çärä çagyrýarys.
Işe girmek isleýän raýatlar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (800135) 7-18-02.
Teswirler