Parahatçylyk — hoşniýetliligiň ýoly

Häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde bilelikde we işjeň çykyş etmek, ählumumy parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkitmek, sebit we halkara derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Türkmenistan oňyn halkara dialogyna giň goldaw berýär. Bu ýörelge ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň strategik taýdan möhüm ugurlarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplyk syýasatyny dowam etdirýär. Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleri – ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli we doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek – geljekde-de Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup galar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda halkara giňişlikde şu ýylymyzyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi işjeň daşary syýasatymyzyň parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerini nobatdaky gezek ýüze çykarýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasy başlangyçlarynyň dünýä ýüzünde dabaralanmagy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri syýasatynyň dowamy hasaplanýan daşary syýasy başlangyçlarynyň dünýäde parahatçylygy, deňhukuklylygy, özara düşünişmekligi goldaýandygyny aýdyňlygy bilen subut edýär. Halkara derejesinde ykrar edilen we wagt taýdan çäklendirilmedik häsiýeti bilen düýpli tapawutlanýan türkmen Bitaraplygy bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan, ynsanperwerligi wagyz edýän daşary syýasat ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr.

Aýlar JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok