Emeli aň arkaly bilim bermek işiniň kämilleşdirilişi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Bilim ulgamynyň şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň durmuşdaky ornuna uly baha berlip, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşleriň, esasanam bilim berlişiniň hiliniň ýokarylygy şertlendirilýär. Milli bilimiň ähli basgançaklaryny sazlaşykly ösdürmek, ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny baýlaşdyrmak, täze usulyýetini döretmek, ony döwrebaplaşdyrmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Biz ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almaklary, nazary bilimlerini we amaly endiklerini kämilleşdirmekleri, sanly tehnologiýalary özleşdirmekleri, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglarydyr tehnologik tejribeleri öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris” diýip bellenilýär.  

Sanly bilim ulgamy – maglumat jemgyýetidir. Maksady – bilimiň mazmunyny elýeterli we öwrenilmeli maglumatlar bilen her bir raýaty ýeterlik üpjün etmekden ybaratdyr. Sanly bilim ulgamynyň esasy bilim maglumatlarynyň jeminden durýar.

2025-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan “Bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek” çäresini ýerine ýetirmek we döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim bermek işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň IT ugurly kafedra müdirleriniň gatnaşmaklarynda “Emeli aň arkaly bilim bermek işiniň kämilleşdirilişi” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatda şekillendiriş sungatynda emeli aňyň ulanylyşy, binagärlik we landşaft dizaýnynda emeli aňyň ähmiýeti, sanly ulgamyň işlerini awtomatlaşdyrmak, emeli aň tehnologiýalarynda medeniýet ulgamyna edýän täsiri we medeni mirasyň täzeden dikeldilmeginde emeli aňyň mümkinçilikleri atly ylmy çykyşlar boldy. Ylmy-amaly maslahatyň esasy maksady emeli aňyň ösüşini, edýän täsirini we ulanyşynyň etikasyny göz öňünde tutmak bilen, döwrüň talaplaryna laýyklykda ýaş nesillerimize  bilim bermek işini kämilleşdirmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de bu maslahatyň çäginde akademiýanyň zehinli talyplarynyň şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerinde ýerine ýetirilen döredijilik eserleriniň sergisi gurnaldy.

Gülälek Keroglyýewa,  

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok