Babadaýhan etrabynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler!

Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 2025-nji ýylyň 19-njy fewralynda sagat 10:00-dan 12:00 aralykda Babadaýhan etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär. Çäre Babadaýhan etrabynyň Babadaýhan şäheriniň Gülzar köçesiniň 1-nji jaý salgysynda ýerleşýän edara binasynda geçirilýär. Babadaýhan etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalary, guramalary, firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige çagyrýarys.

Işe girmek isleýän raýatlary geçiriljek çärä çagyrýarys. Olar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (800136) 3-07-40.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok