2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 17-nji maýynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sport programmirlemesi boýunça «Sanly tälimçi platformasyny işläp düzmek» ugrundan Hakaton bäsleşigini geçirmegiň
DÜZGÜNNAMASY
1. Umumy düzgünler
1.1. Şu Düzgünnama Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Sanly tälimçi platformasyny işläp düzmek» ugrundan sport programmirlemesi arkaly Hakaton bäsleşigini guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
1.2. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan guralýar.
1.3. Guramaçylyk, usulyýet we tehniki goldawy utgaşdyrmak işleri Guramaçylyk topary tarapyndan alnyp barylýar.
2. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri
2.1. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza, Hormatly Prezidentimize, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza wepaly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent ýaşlary kemala getirmek;
2.2. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty goldamak, ösdürmek boýunça maksatnamalarda sport ulgamyny kämilleşdirmek, bedenterbiýe-sport, Olimpiýa hereketleri arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak, bedenterbiýe we sport pudagynda sanly ulgamyň netijeli peýdalanylyşyny ýola goýmak;
2.3. Talyp ýaşlaryň häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanyp, platforma işläp taýýarlamak ukyplaryny ýokarlandyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek;
2.4. Ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň sport programmirlemesi ugry boýunça ukyplaryny artdyrmak;
2.5. Sanly tälimçi platformasyny işläp düzmek boýunça hünärmenleriň häzirki zaman ylmy-tehniki bilimlerini ulanmak arkaly dürli görnüşdäki sport programmirlemesi başarnygyny döretmek.
3. Guramaçylyk topary
3.1. Bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Guramaçylyk topary döredilýär. Toparyň düzümi institutyň rektory tarapyndan tassyklanylýar.
3.2. Guramaçylyk toparynyň düzümine toparyň ýolbaşçysy we agzalary degişlidir.
3.3. Toparyň wezipeleri:
– Bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini, tertibini kesgitlemek hem-de ony geçirmek boýunça guramaçylyk işlerini alyp barmak;
– ýerine ýetirmeli platformanyň tehniki ýumşuny işläp düzmek;
– tehniki ýumuşdaky ýerine ýetirmeli işleriň derejelerine laýyklykda olara berilmeli ballary öňünden kesgitlemek;
– ýaryşa gatnaşyjylar ýumuşlaryny ýerine ýetirip tamamlandan soňra olaryň işlerini önünden kesgitlenen ballar boýunça bahalandyrmak;
– ähli toparlaryň işleri barlanandan soňra ýeňiji toparlary kesgitläp olary guramaçy topara hödürlemek;
– bäsleşige gatnaşýan toparlaryň ýüztutmalaryna seretmek we arz-şikaýatlar boýunça düşündiriş işlerini geçirmek.
3.4. Guramaçylyk topary bäsleşigiň geçiriliş tertibini, wagtyny, gatnaşyjylaryň we ýeňijileriň sanawyny kesgitleýär.
3.5. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden bellenen jogapkär mugallymlar bilen bäsleşigi guramaçylykly geçirmek babatynda aragatnaşyk saklaýar.
4. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi
4.1. Bäsleşige isleg bildiren ähli ýokary okuw mekdepler gatnaşyp biler. Her ýokary okuw mekdebinden diňe bir topara gatnaşmaga rugsat berilýär.
4.2. Bäsleşige diňe toparlaýyn gatnaşyp bolýar. Her bir topar 5 adamdan ybarat bolmaly.
4.3. Gatnaşyjylar 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli hasaba alynýar.
4.4. Bäsleşik 2025-nji ýylyň 17-nji maýynda geçirilýär we aşakdaky tapgyrlardan ybaratdyr:
I tapgyr – gatnaşyjylary hasaba almak üçin ýüz tutmalary kabul etmek, ýüz tutmalary kabul ediş möhleti bellenilen senelerde amala aşyrylýar: nusga laýyklykda (familiýasy, ady we atasynyň ady / ýokary okuw mekdebi / fakulteti, okuw ýyly / hünäri / elektron salgysy we telefon belgisi) ýüz tutmalary elektron Excel tablisa görnüşinde tdbsi@sanly.tm elektron salgysyna ugratmaly;
II tapgyr – bäsleşigiň geçirilmegi: gatnaşyjylar 2025-nji ýylyň 17-nji maýynda taslamalary işläp taýýarlaýarlar;
III tapgyr – taslamalaryň bahalandyrylmagy: bu tapgyryň çäklerinde ilki bilen taslamalaryň bahalandyrylmagy geçirilýär, bäsleşigiň netijeleri esasynda bir sany baş baýrak, iki sany birinji orun, iki sany ikinji orun we üç sany üçünji orun bilen sylaglanylýar;
IV tapgyr – bäsleşigiň jemlenmegi: bäsleşigiň ýeňijileri baradaky doly maglumatlar ýokary okuw mekdebimizde hereket edýän sanly bilim portaly we resmi web-saýty arkaly habar berilýär.
5. Ölçegler boýunça bahalandyrma
5.1. Bu bölümde bahalandyrmagyň tertibi we goýlan bahalaryň jemi kesgitlenilýär (jemi 100 ball).
Taslamanyň funksionaly – 30 ball
Taslamanyň interfeýsi – 20 ball
Taslamanyň işleýşi – 20 ball
Taslamanyň ýeke-täk nusgadadygy (göçürilmändigi) – 20 ball
Taslamany işläp taýýarlamagyň tizligi – 10 ball
6. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
6.1. Ýeňijileriň orunlary toparlaryň görkezijileri boýunça kesgitlenilýär.
6.2. Baş baýraga, I, II, III orunlara mynasyp bolan gatnaşyjylar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň diplomlary bilen sylaglanylýar.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 12 22-65-47 (12-02), +993 65 90-97-34, +993 65 69-02-88
Teswirler