Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň uly tagallasy bilen milli medeniýetimize, nusgawy edebiýatymyza goýulýan sarpa, belent buýsanç geçmiş mirasymyzy içgin öwrenip, geljek nesillerimize ýetirmäge itergi berýär. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň dünýä we türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasy alymlar tarapyndan ylmy esasda öwrenilýär. Çünki şahyryň eserleri, ajaýyp goşgulary türkmen diliniň, edebiýatynyň ähli baýlyklaryny özünde jemleýär. Şygryýet äleminiň ägirdi, türkmeniň beýik akyldar şahyry Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan halkymyz onuň eserlerini kalplarda hem dillerde sena edip ýaşadýar. Pyragy diňe bir çeper eserlerdir ylmy işlerde däl-de, şekillendiriş, aýdym-saz sungatynda hem öz mynasyp ornuny tapdy, şahyryň heýkeli dünýäniň birnäçe ýurdunda oturdyldy.
Tutuş ynsan kalbynyň şahyry hökmünde tanalýan dana Pyragy ähli eýýamlar, döwürler üçin egsilmez paýhasdyr, öwüt-nesihatdyr. Pyragynyň millilige, halallyga, ynsanperwerlige ýugrulan çeper döredijiligi ýaş nesilleri watançylyk, adamkärçilik, halallyk ruhunda terbiýeläp, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýe bolup çykyş edýär. Onuň ylym-bilimi wagyz edýän goşgulary aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki şahyr öz eserlerinde ylym-bilim öwrenmegiň, kitapdyr çeper eserleri okamagyň ähmiýeti hakynda ýaşlara nesihat edýär. Magtymguly türkmen edebiýatyny mazmun taýdan baýlaşdyryp, tutuş adamzadyň kalbyna täsir edipdir. Onuň pähim-paýhasa ýugrulan döredijiligi, filosofik nukdaýnazardan durmuş hakykatyny özünde jemleýän goşgulary çeperçilik taýdan ýokarydyr. Akyldar şahyryň goşgularyna halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginde hem uly üns berlip, ençeme dünýä dillerine terjime edildi.
«Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip belleýän Hormatly Prezidentimiz şahyryň goşgularynyň many-mazmunynyň örän çuňlukdan gaýtmak bilen, kämilligiň ýoluny salgy berýändigini nygtaýar.
Milli mirasymyzy, akyldar şahyryň köptaraply döredijiligini dünýä ýaýmak, ylym-bilim öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler