Belarus Respublikasynda 2025-nji ýylyň ýanwarynda prezident saýlawlary geçiriler

Belarus Respublikasynda 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda prezident saýlawlary geçiriler. Bu barada degişli çözgüt Belarus Respublikasynyň Milli geňeşiniň wekiller palatasynyň mejlisinde kabul edildi.

Belarusyň Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy Igor Karpenko ýurtda prezident saýlawlaryny geçirmäge taýýarlyk görmäge taýýardyklaryny aýtdy. Ol bu saýlaw kampaniýasy döwründe 60 müň adamyň degişli guramaçylyk işlerini alyp barjakdygyny belledi.

Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Belarusda prezident saýlawlarynyň bellenmegi ýurduň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksina doly laýyk gelýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, Belarus Respublikasynyň Prezidenti 5 ýyl möhlet bilen ählumumy saýlawlar esasynda saýlanýar.

BRIKS sammitiniň çäklerinde, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko geljek ýyl geçiriljek prezident saýlawlaryna özüniň dalaşgär boljakdygyny mälim etdi.

Güljennet BERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok