Garaşsyz, özygtyýarly berkarar döwlet gurmak baradaky arzuwlary halkymyz ýüzýyllyklaryň dowamynda kalbynda ezizläp saklapdyr, ýagty ertirleri arzuw edipdir. Oňa şöhratly taryhymyza ser salanyňda hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Garaşsyz, özygtyýarly bolup ýaşamagyň gadyryny oňat bilýän halkymyzyň ata-babalardan gelýän asylly däpleri bar.
Agzybir ýaşamak, dost-doganlygy berkitmek, ata-enäni arzylamak, myhmany sarpalamak, halal zähmet çekmek ýaly asylly häsiýetler halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerinden, milli ruhyýetinden gözbaş alýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň içinde ýurdumyzda amala aşyrylan işler, durmuşa geçirilýän belent tutumlar buýsançly göwnüňi has-da joşdurýar, yhlasly zähmet çekmäge, Diýarymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandyňy goşmaga ruhlandyrýar. Gurulýan ýollar, bina edilýän ymaratlar, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler halkymyzyň geljekde-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edilýän uly aladalardyr. Bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilýän miweleridir.
Milli bitewüligi emele getirip, döwlet Garaşsyzlygynyň esaslaryny düzdi». Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bu sözlerinde döwlet berkararlygymyzyň, milli bitewüligimiziň we parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelerimiziň özara baglanyşygy, düýp mazmuny doly suratda aýdyňlaşýar. Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň «Bir suprada eda bolsun aşymyz» diýen şygyr setirinde beýan edilen şol jebisligiň binýady Garaşsyzlyk ýyllary içinde has-da berkidildi.
Ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň durmuşyna düýpgöter täze öwrüm beren Garaşsyzlyk uly syýasy-taryhy ähmiýetli waka hökmünde hakydalara altyn harplar bilen möhürlendi. Garaşsyzlyk halkymyzyň synmaz ruhy Tuguna öwrülip, milli mertebesini, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny, şöhratyny has-da dabaralandyrýar. Garaşsyzlyk misli bereketli türkmen desterhany ýaly, halkymyzy jebisleşdirýär, jemgyýet bilen döwleti bitewüleşdirýär.
Ogulbagyt HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler