Bank barada gyzykly faktlar

  • Bank sözi aslynda italýanlaryň sözi bolup dünýäniň köp döwletinde şol bir manyny aňladýar.
  • Dünýäniň iň gadymy banky hem Italiýada ýerleşýän Monte dei pashi di Siena bankydyr. Ol 1472-nji ýylda Italýanyň Siýena şäherinde döredilip häzirki wagtda hem işini dowam edýär.
  • Häzirki wagtda Şweýsariýanyň 400 golaý iri bankynda 52 trln ABŞ dollary saklanýar.
  • 1902-nji ýylda W.I.Leniniň adyna 13 Şweýsar franky bilen açylan hasap Şweýsariýanyň bankynda häzir hem bar we ol ýylyň-ýylyna öz gymmatyny ýokarlandyrýar.
  • Ginnesiň rekordlar kitabyna giren iň uly bank talaňçylygy 1945-nji ýylda Germaniýanyň Reýhs bankynda bolup geçdi. Şonda umumy gymmaty 5 mlrd ABŞ dollaryna deň bolan altynlar we beýleki gymmat bahaly daşlar ogurlandy.
  • Ilkinji bank kartlary 1950-nji ýylda ABŞ-da ulanylyp başlanypdyr.
  • Häzirki wagtda dünýäde hereket edýän bankomatlaryň sany 2 mln-dan gowrakdyr. Ilkinji bankomat bolsa Beýik Britaniýada 1967-nji ýylda döredilipdir.
  • Orta asyrlarda Ýewropa döwletlerinde göterimli karz bermegi dinde günä hasap edipdirler. Ýewreýlerde bolsa bu ynanja ynanmandyrlar. Şonuň üçin hem şol döwürlerde ilkinji bankyň eýeleri ýa-da bankirler ýewreýler bolupdyr.
  • Sanly ulgamyň çalt ösmegi bank ulgamyna-da öz täsirini ýetirdi. Häzirki wagtda dünýäde hereket edýän banklaryň arasynda “Neobanklar” hem döredi. Neobank – bu fiziki manyda hiç ýerde göze görünmeýän bank bolup ol müşderilere diňe internet arkaly bank hyzmatlaryny amala aşyrýar.
  • Dünýäde banklaryň häzirki wagtdaky gorag ulgamy has güýçli bolup iň uly bank gapysynyň agramy 42 tonna diýlip hasaba alnandyr.
  • Dünýäde adamlaryň bank hasaplarynda goýan pullarynyň diňe 2-3 % ulanylmaýar.

Mekan ÝAGMYROW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok