Türkmenistan CAREC-iň analitik merkeziniň ösüş forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Howa wehimleri: toparlaýyn hereket üçin serhetleriň çäginden daşgary oýlanyş» atly sekizinji Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) analitik merkeziniň ösüş forumyna gatnaşdy. Wekiliýetiň düzümine Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri girdi.

Çärä sebit analitik merkezleriniň, CAREC agza ýurtlaryň, uniwersitetleriň, ösüş guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 120-den gowrak wekili gatnaşdy. Forumda çykyş edenler howanyň üýtgemeginiň barha artýan täsirlerine garşy durmakda agzybirligiň zerurdygyny bellediler, CAREC sebiti üçin durnukly, ýaşaýşa ukyply we abadan geljegi üpjün etmek üçin tejribe, meseleleri we üstünlikleri alyşmagyň zerurlygyny nygtadylar. Oňa gatnaşanlar dürli ýurtlarda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň şowly mysallaryny ara alyp maslahatlaşdylar, hökümetleriň, ýerli bileleşikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň täsirli klimat syýasatlaryny ösdürmäge gatnaşmagynyň möhümdigini bellediler.

Türkmen wekiliýeti forumda «Türkmenistanda howanyň üýtgemegi bilen bagly innowasiýalar we uýgunlaşma» temasyndan çykyş edip, howanyň üýtgemeginiň meselelerini çözmek boýunça ýurdumyzyň tejribesini we oňyn teklipleri bilen tanyşdyrdy, foruma gatnaşyjylary gyzyklandyrýan sowallara jogap berdi.

Bilermenleriň we ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň arasynda geçirilen çekişmeler howanyň üýtgemegini täsirini peseltmekde we olara uýgunlaşmakda innowasion tehnologiýalaryň ähmiýetine bagyşlandy. Çärä gatnaşanlar çalt tehnologiki ösüşiň mümkinçiligini we klimat çözgütleri üçin amatly sebit ekoulgamyny döretmegiň juda zerurdygyny nygtadylar.

Dursunaý AŞYRALYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk instituty 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok