Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynyň açylyş dabarasy boldy.

Toplum Aşgabat şäher häkimliginiň pensiýa gaznasyny, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümini, Baş bilim, medeniýet müdirliklerini öz içine alýar. Toplumyň keşbinde milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar.

Köp gatly binadan ybarat bu toplumda 300 orunlyk mejlisler zaly, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 110-dan gowrak iş otaglary, 120 orunlyk naharhana, şeýle hem tehniki desgalar bar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok