Halk Maslahaty syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri çözmek baradaky däplerine daýanýar

Türkmenistanyň Halk Maslahaty, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda toplan tejribesini nazara alyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri çözmek baradaky däplerine daýanýar. Şeýle hem, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, halkyň giň gatlaklarynyň möhüm çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döredildi.

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini çagyrmak barada resmi karar kabul etdi. Bu çözgüt halkyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmekde giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmak maksadyna gönükdirilendir.

Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipeleri döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna halk köpçüligini giňden çekmekden, teklipleri işläp taýýarlamakdan, maslahatlary bermekden, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, asudalygyny we abadançylygyny pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Şeýle hem, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze döwürde beýik özgertmeler ýoly bilen ösmegini we kuwwatlanmagyny goldamak Halk Maslahatynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.

Şeýle hem, mejlisiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, ýörite guramaçylyk komiteti döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Halk Maslahatlary, halk wekilleriniň sanawyny 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Halk Maslahatynyň edarasyna tabşyrmalydyr. Şeýle hem, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň edarasyna we Türkmenistanyň Mejlisine ýerlerde Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça işlerde zerur guramaçylyk we usulyýet kömegini bermek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi döwletimiziň täze döwründe kabul ediljek möhüm çözgütleriň we başlangyçlaryň ara alnyp maslahatlaşyljak möhüm syýasy waka bolar. Bu mejlisde türkmen halkynyň milli ösüşiniň möhüm ugurlary kesgitlenip, Garaşsyz döwletimiziň depginli ösmegine uly goşant goşar diýip garaşylýar.

Abdylkerim Agaýew,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we 
informatika institutynyň III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok